Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Administratiw bölünişiklerden soňky döreýän kynçylyklar


Maryly ýaşaýjylar.
Maryly ýaşaýjylar.

Türkmenistanyň çäginde soňky ýyllarda geçirilýän administratiw bölünişikleriň netijesinde, ilat üçin dürli kynçylyklaryň ýüz berýändigi aýdylýar.

Mary welaýatynyň ozalky Gulanly, soňky ady Howuzhan etrabynyň etrap merkeziniň Altyn-sähra ýaşaýyş massiwi bilen birleşdirlip, Altynsähranyň etrap merkezi diýlip atlandyrylmagy bilen Howuzhan etrabynyň döwlete degişli administratiw edaralarynyň, hassahanalaryň ol ýere geçirilendigini etrabyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Özüni Maral diýip tanyşdyran ýaşaýjynyň pikirne görä, döwlet emeldarlary Howuzhan etrabyny ýatyryp, Altynsähra etrabyny döretmek bilen, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan, adamlaryň ol ýere göçüp barasy gelmeýän meselelerini çözmäge synanşyk edilipdir.

“Howuzhan etrabynyň etrap merkezinden, häkimlik, polisiýa edarasy, sosial üpjünçilik bölümi, hassahana, başga-da ilata hyzmat edýän ownukly-irili edaralar Altynsähra göçürildi. Ýaşaýjylar indi islendik meseläni çözmekçi bolsalar ýa bir resminama, kepilnama gerek bolsa, ençeme menzil ýol geçip, Altynsähra gitmeli bolýarlar. Gün içinde 2 gezek awtoulag gatnawynyň ýola goýlandygyna garamazdan, golaý bolmadyk bu menzili ýaşaýjylar awtoulagda 30-40 minutda geçmeli bolýarlar. Islendik resminamany almak ýa bir meseläňi çözmek üçinem ol ýerde günüň geçýär. Işiňden galyp, şol bir meseläni çözmek üçin, telim sapar Altynsähra gatnamaly bolýarsyň” diýip, Maral aýdýar.

Şol bir wagtda, boşap galan öňki etrap merkezinde ýaşaýjylaryň problemalarynyň artýandygyna hem Maral ünsi çekýär. “Köçeleriň zir-zibilleri wagtynda aýrylmaýar. Suw we lagym turbalarynyň dykylyp ýa ýarylyp, köçelere hapa suwlaryň akyp ýatmagy barha köpelýär. Dynç alynýan ýerlerdäki hapaçylykdan adamlar indi dynç almaga hem çykmaýarlar. Köçelerde ýarylýan turbalary bejermeýärler. Köçeleriň asfaltlary gopup, ýollardan ýörär ýaly bolmady. Emma indi ilatyň sosial meseleleri bilen hem, arza-şikaýatlary bilen hem gyzyklanýan emeldar ýok” diýip, sözüne goşýar.

Edil şeýle ýagdaýyň öz başlaryna hem düşendigini Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Onuň sözüne görä, Mary etrabynyň ozalky Lenin, soňky ady Watan hem-de Atajanow daýhan birleşiklerini Mary etrabyndan aýryp, Wekilbazar etrabyna goşupdyrlar. “Indi çagalar ýarawsyzlyk tapsa-da, başga bir işiň çyksa-da, ozaly Mary şäherine baryp, ondan Wekilbazaryň etrap merkezine gitmeli bolýarsyň. Bu aralykda 20 kilometr ýaly ýol geçmeli. Ozal Mary etrabyna degişli bolan bu daýhan birleşiklerini Wekilbazar etrabyna häkim boljak bir adamyň islegi bilen Mary etrabyndan aýryp, Wekilbazara goşdular. Ondan bäri onlarça häkim täzelendi. Emma ilatyň şol kösenip ýörşi” diýip, ýaşaýjy edilýän işleriň halka sala salynman edilýändigini, netijede bolsa ilatyň kösenýändigini nygtaýar.

Şeýle administratiw bölünişiklerden we birleşmelerden ilatyň kynçylyk çekmeginiň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde hem ýüz berýändigi, bölünişikleriň netijesinde edara-kärhanalara ýeňil düşmeýän ştamplaryň, möhürleriň hem täzelenmeli bolýandygyny edara işgärlerinden eşitmek bolýar.

“Şeýle bölünişiklerden we birleşmelerden heniz halka peýda gelen ýeri ýokdy. Emma wagtal-wagtal döwlet emeldarlary bir hokga çykaryp, oturan ýerlerinde bu işleriň planyny düzýärler. Halka sala salynmaýar. Döwlet emeldarlary bolsa iş bitirýänden bolaýmasalar, näme bähbit tapýandyklary halka düşnüksiz bolup galýar” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG