Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DIM Berdmuhamedowyň Özbegistana sapar etjegini tassyklaýar, emma senesini aýtmaýar


Türkmen we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezelenç edýär. Arhiw suraty
Türkmen we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezelenç edýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 21-nji aprelde türkmen-özbek gatnaşyklary barada giňişleýin makala çap edip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Özbegistana boljak sapary barada garaşsyz metbugatda çykan habarlary tassyk etdi.

Emma makalada türkmen prezidentiniň Özbegistanda etjek döwlet sapary agzalsa-da, onuň anyk senesi we gün tertibi barada hiç bir zat aýdylmaýar. Şol bir wagtda-da türkmen DIM-i bu saparyň “gadymy doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan has täze derejä çykarmagy aňladýandygyny”, onuň “taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigini” öňünden ynandyrmaga çalyşýar.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi 20-nji aprelde Daşoguzda şäher jemagat hojalygynyň we býujet edaralarynyň işgärlerini, şol sanda mekdep mugallymlaryny çekmek bilen, tas bir hepde bäri Berdimuhamedowyň senesi anyk bolmadyk saparyna taýýarlyk görülýändigini, käbir mekdeplerde mugallym bolmansoň, çagalary 2-3 sagat saklap, “köçede göze-başa düşüp ýörmäň” diýip, öýlerine goýberýändiklerini habar berdi.

Türkmen hökümetindäki çeşmäniň 18-nji aprelde beren maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow Özbegistana TOPH geçirijisiniň gurluşygy üçin karz pul soramaga gidýär.

Mundan öň Berdimuhamedow rus prezidenti Wladimir Putine hem Orsýetiň TOPH geçirijisine goldaw bermegi baradaky teklip bilen ýüz tutdy. Emma “Interfaks” Putiniň TOPH geçirijisiniň gurulmak we işledilmek mümkinçiligine ynamsyz garaýandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 16-njy aprelde çap eden maglumatyna görä, Daşoguz welaýaty bilen serhetdeş Horezm oblastynda hem ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine berk taýýarlyk görülýär. Bu habardan çen tutulsa, iki ýurduň prezidentleri Özbegistanyň Horezm oblastynda duşuşjaga çalym edýär.

Adatça, prezident Berdimuhamedowyň daşary ýurda etjek saparyna görülýän taýýarlyk barada bu wakanyň öň ýanyndaky hökümet mejlisinde gysgaça maglumat berilýär. Emma bellemeli ýeri, şu aýda boljagy çaklanylýan sapar barada wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň 20-nji apreldäki hökümet maslahatynda beren hasabatynda hem hiç zat aýdylmady.

Muňa derek ol 2-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesiniň howpsuzlyk gullugynyň ýerli işgärine salgylanyp beren habaryna görä, Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna etmeli sapary ozalam birnäçe gezek yza süýşürildi.

XS
SM
MD
LG