Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni oppozisiýanyň lideri dialogy ret edýär, Sakisýan çekilsin diýýär


Nikol Paşinýan
Nikol Paşinýan

Ermenistanyň oppozisiýadaky deputaty Nikol Paşinýan premýer-ministr Serž Sarkisýanyň derhal protestleri soňlamak üçin hökümet bilen gepleşmek baradaky çagyryşyny ret etdi we onuň premýer-ministrlikden çekilmegine çagyrdy.

Şu aralykda polisiýa onlarça protestçini tussag etdi we mundan aňryk hem çäre görmek haýbatyny atdy.

“Indiden soň dialog geçirmek gaty giç bolar... ýöne bu biziň hiç bir maslahata taýyn däldigimizi aňlatmaýar” diýip, Paşinýan 20-nji aprelde merkezi Ýerewanda ýygnanan müňlerçe protestçä ýüzlenip aýtdy.

“Biz, elbetde, Serž Sarkisýanyň işden çekilmek ýagdaýlary[seneleri] we munuň bilen baglyly şertler babatynda maslahat etmäge taýýar” diýip, Paşinýan oppozisiýanyň “duşmançylyklary we ar alyşlary islemeýändigini” sözüne goşdy.

“Eger-de Sarkisýan mümkin boldugyça çalt işden çekilse, bu diňe onuň özüne we Ermenistan respublikasyna peýdaly bolar” diýip, ol aýtdy.

Paşiniýanyň çagyryşy ermeni paýtagtynda we kawkaz ýurdunyň beýleki ýerlerinde öňki prezident Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy dowam edýän protestleriň tapgyr sekizinji gününde edildi.

Köçe protestçileri 21-nji aprelde, tapgyr dokuzynjy gün hem köçelere döküldiler. Olar iki hepde ozal 10 ýyllyk prezidentligi soňlanan Sarkisýanyň ýene häkimiýetde galmaga synanyşýandygyny aýddyp, oňa garşy durýarlar.

Polisiýa günortanlar paýtagtyň dürli ýerlerinden 62 adamy tussag edendigini aýtdy, Adalat ministrligi bolsa resmileriň protestçileri dargytmak hukugynyň bardygyny aýtdy.

Protestçileriň “Berk dur, Serže ýok diý” diýen şygar astynda ýöriş edýän wagty Sarkisýanyň dialoga çagyryşlary eşidilmedige çalym etdi.

XS
SM
MD
LG