Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýatlygyň hil derejesi boýunça sanawda Türkmenistan dünýäde 133-nji orunda


Türkmen ýaşulysy.
Türkmen ýaşulysy.

Türkmenistan Raýatlygyň hil derejesiniň görkezijileri boýunça çap edilen soňky sanawda, 167 ýurduň arasynda 133-nji orny eýeledi.

Globallaşan dünýäde raýatlyk we oturym rugsady, ýagny ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak meseleleri boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän “Henley & Partners” kompaniýasy Şweýsariýanyň Maýa goýum migrasiýa geňeşiniň ýolbaşçysy professor Koçenow bilen hyzmatdaşlykda “Quality of Nationality Index”, ýagny Raýatlygyň hil derejesiniň görkezijileri atly täze hasabat çap etdi. Hasabatda dünýä ýurtlarynyň ilatynyň raýatlyk hukuklary we eýe bolan mümkinçilikleri deňeşdirilýär. Agzalýan hasabatda Türkmenistan 133-nji orunda ýerleşdirildi.

Raýatlygyň hil görkezijileriniň taýýarlanylmagynda ulanylan metodologiýa barada aýdylanda, bu barlagda esasy iki faktor, ýagny degişli ýurt bilen bagly içerki faktorlar hem-de daşarky faktorlar statistiki maglumatlaryň esasy hamyrmaýasy hökmünde ulanylypdyr. Agzalýan kriteriýalara degişli sanlar we beýleki görkezijiler halkara guramalaryň maglumat bazalaryndan alyndy diýip, hasabaty taýýarlanlar aýdýar.

Içerki faktorlar diýlende, raýatlaryň ýurduň içinde eýe bolýan mümkinçilikleri; adamyň ösüşi, ykdysady bolçulyk, ýurtda höküm sürýän parahatçylyk we durnuklylyk ýaly kriteriýalar göz öňünde tutulypdyr. Daşarky faktorlar barada aýdylanda, hasabatda degişli ýurduň ilatynyň daşary ýurtlara syýahat etmek azatlygy we mümkinçilikleri, şeýle-de, olaryň daşary ýurtlara baryp ornaşmak mümkinçilikleri barada deňeşdirmeler göz öňünde tutulypdyr.

“[Meselem], Lihtenşteýn Kanadadan, Germaniýa Türkmenistandan gowy, sebäbi degişli ýurtlaryň ilatynyň eýe bolan raýatlygynyň olaryň ýaşamakçy ýa-da syýahat etmekçi bolýan ýurtlary boýunça köpdürli mümkinçilik hödürlemegi wajyp” diýlip, geçirilen barlagyň Metodologiýa bölüminde aýdylýar.

Içerki we daşarky faktorlar Raýatlygyň hil derejesiniň görkezijileriniň jemine degişlilikde, 40% we 60 % täsir edýär.

Sanlar "Henley & Partnersiň" Quality of Nationality Index hasabatyndan alyndy
Sanlar "Henley & Partnersiň" Quality of Nationality Index hasabatyndan alyndy

Hasabatdaky kriteriýalardan Adamyň ösüşi BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň maglumatlaryndan alnyp, onda esasan üç ugra, ýagny degişli ýurduň saglyk pudagyna, bilim pudagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine üns berilýär. Degişli ýurduň Ykdysady kuwwaty Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň maglumat bazalaryna salgylanylyp, ýurduň Parahatçylyk we durnuklylyk görkezijileri bolsa, Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň Global parahatçylyk görkezijileri boýunça çap eden hasabatyna esaslanylyp hasaplanypdyr.

Sanlar "Henley & Partnersiň" Quality of Nationality Index hasabatyndan alyndy
Sanlar "Henley & Partnersiň" Quality of Nationality Index hasabatyndan alyndy

Raýatlaryň syýahat azatlyklary we mümkinçilikleri baradaky maglumatlar hasabatyň Daşarky faktorlar boýunça bölüminiň özenini düzüp, olar boýunça sanlar we görkezijiler hususan-da Halkara howa transport edarasynyň (International Air Transport Authority, IATA) maglumat bazasyndan peýdalanmak arkaly, şeýle-de, degişli ugurlarda halkara hünärmenlere we synçylara salgylanmak bilen taýýarlanylypdyr.

Hasabatda Türkmenistan 2017-nji ýyl üçin 24,5 % bal alyp, dünýäde 167 ýurduň arasynda 133-nji orunda ýerleşdirilipdir. 2016-njy ýylda Türkmenistan 124-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Raýatlygyň hil derejesiniň görkezijilerinden çen tutulsa, mundan ozalky ýaýradylan hasabata garanyňda, Türkmenistanda ýagdaýlar 9 basgançak has-da ýaramazlaşypdyr.

Ýogsa-da, Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara synçylar ýurduň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýar. Ýurtdan gelip gowuşýan habarlarda, ýurduň bazarlarynda azyk harytlaryň bahalarynyň gymmatlaýandygy, walýutanyň manada bolan gatnaşygynyň resmi kursa garanyňda 3-4 esse ýokarlanandygy habar berilýär. Şeýle-de, ol kynçylyklaryň fonunda, eklenç gözleginde daşary ýurda çykmakçy bolýan raýatlaryň ýurduň aeroportlarynda saklanýandygy, olaryň yzlaryna gaýtarylýandygy, ýollarynyň petiklenýändigi habar berilýär.

Beýleki bir tarapdan, maglumatymyzdaky sanlardan çen tutulsa, türkmen raýatlary ýurtdan çykmagy başaran ýagdaýynda-da, olar daşary ýurtlarda dürli býurokratiki we beýleki kynçylyklara hem-de çäklendirmelere duçar bolýarlar. Galyberse-de, “Henley & Partnersiň” taýýarlan soňky hasabaty türkmen raýatlygynyň beýleki käbir ösen ýurtlaryň raýatlarynyň hereket mümkinçilikleri boýunça eýe bolan priwelegiýalaryny öz eýesine hödürläp bilmeýändigini aýdýar.

Sanawda Orsýet 61-nji, Gazagystan 91-nji, Gyrgyzystan 109-njy, Özbegistan 117-nji we Täjigistan 126-njy orunda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG