Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowet döwrüniň monumenti Daşkendiň merkezinde gaýtadan dikeldiler


Şomahmudowlar
Şomahmudowlar

2-nji Jahan urşy döwri dürli milletlerden 15 çagany ogullyga we gyzlyga alan bir özbek maşgalasynyň hatyrasyna dikilen sowet döwrüniň monumenti gaýtadan Daşkentdäki ozalky ýerine eltiler.

Şäher administrasiýasynyň beren maglumatyna görä, Şoahmad we Bahri Şomahmudowyň ýadygärligi ýakyn geljekde paýtagtyň Garaşsyzlyk Köşgüniň öňündäki meýdançada dikiler.

Şomahmudowlar 1940-njy ýyllarda Sowet soýuzynyň günbatar sebitlerinden ewakuasiýa edilen çagalary perzentlige alypdylar. Olaryň arasynda rus, gazak, belarus, moldowan, latyş, ýewreý we tatar asylly çagalar bardy.

“Adamlaryň arasyndaky dostlugyň nyşanasy bolan bu monument Daşkendiň görküne gaýtadan görk goşar. Ol şäherde bir maşgala bolup ýaşaýan dürli etniki toparlaryň arasyndaky birligi we dostlugy has-da jebisleşdirer” diýip, beýanatda aýdylýar.

Monument 1982-nji ýylda dikilip, 2008-nji ýylda hem paýtagtyň merkezinden aýrylypdy.

XS
SM
MD
LG