Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinian başa barmadyk gepleşiklerden soň, protestleri dowam etdirjegine söz berdi


Nikol Paşinian

Ermenistanyň oppozisiýa lideri Nikol Paşinian premýer-ministr Karen Karapetýanyň özi bilen duşuşmagyndan ýüz öwreninden soň, hökümete garşy protestleri dowam etdirjekdigini aýtdy.

Paşinian 1-nji maýda giň gerimli demonstrasiýalary geçirmäge çagyrdy. Şol gün parlament täze premýer-ministri saýlamak üçin ses berer.

Paşinian Karapetýana Ýerewanda günorta golaý duşuşmagy we häkimiýeti parahatçylykly geçirmegi maslahat etmegi teklip etdi. Ol duşuşygyň media wekilleriniň gatnaşmagynda we göni efirde ýaýlyma berilmeginde geçiriljekdigini hem nygtady.

Emma Karapetýanyň metbugat-wekili “premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji diňe bir tarapyň hödürleýän gün tertibi esasynda gepleşikleri geçirip bolmajakdygyna ynanýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de, Aram Araratýan Facebook sahypasynda galdyran ýazgysynda: “Karen Karapetýan gepleşikleriň media wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi, eýýämden hiç hili netijä gelmezligi göz öňünde tutýar diýip pikir edýär” diýip belledi. Karapetýan gepleşiklere gelmäninden soň, Paşinian “oppozisiýa demonstrasiýalary dowam eder” diýdi.

26-njy aprelde Paşinian diňe özüniň premýer-ministr wezipesine mynasyp dalaşgärdigini aýtdy. Ol Ýerewanyň Respublika Meýdançasynda ýygnanan tarapdarlaryna: “Men ýa-ha halkyň talaby bilen premýer-ministr saýlanaryn, ýa-da Ermenistan respublikasynda hiç bir premýer-ministr saýlanmaz. Parahor we millete garşy sistema bilen başga ýol ýokdur” diýdi.

Ermeni parlamentiniň spikeri Ýerewandaky kanun çykaryjy organyň 1-nji maýda işden çekilen Serž Sarkisianyň ornuna ýurduň nobatdaky premýer-ministrini saýlamak üçin, ses berjekdigini aýtdy. Bu aralykda, Russiýa Ermenistandaky ýagdaýlara goşulmajakdygyny aýtdy. Emma Kremliň beýanatynda Putiniň Karen Karapetýana jaň edip, geçen ýylky parlament saýlawlarynyň netijeleri esasynda, Ermenistandaky syýasy krizisi tizden-tiz çözmäge çagyrandygy aýdylýar. Gürrüň gidýän saýlawlarda Sarkisianyň partiýasy ýeňiş gazanypdy.

Bu beýanatyň öň ýany, Ermenistanyň dolandyryjy respublika partiýasynyň iki sany esasy resmisi, daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Edward Nalbandýan we premýer-ministriň orunbasary Armen Geworgýan Moskwada resmiler bilen duşuşyp, Ýerewandaky syýasy krizisiň täsirlerini ara alyp maslahatlaşypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG