Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron, Rohani Ýadro ylalaşygyny saklap galmak boýunça işleşmäge ylalaşdylar


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (çepde) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (çepde) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani telefon arkaly söhbetdeşliginde 2015-nji ýylda gelnen Ýadro ylalaşygyny saklap galmak barada bilelikde işleşmäge ylalaşdylar diýip, Makronyň edarasy mälim etdi.

Ýeliseý köşgüniň berýän malgumatyna görä, Markon we Rohani “öňümizdäki hepdelerde 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň mazmunyny we düzümini saklap galmak ugrunda işleşmäge” ylalaşypdyrlar.

Şeýle-de, Makron ýene-de goşmaça üç meseläni, ýagny Tähranyň ballistik raketa programmasyny, onuň 2025-nji ýyldan soňky ýadro işlerini we Ýakyn Gündogardaky “möhüm sebitleýin krizisi” maslahat etmegi hödürläpdir.

Şol bir wagtda, Rohani Makrona Ylalaşygyň şol durkunda galmalydygyny we onuň şertleriniň “hiç bir ýagdaýda maslahat edilmejekdigini” aýdypdyr.

“Eýran öz üstüne alan borçnamalaryndan gaýry hiç bir çäklendirmeleri kabul etmez” diýip, Rohani belläpdir.

XS
SM
MD
LG