Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe we Özbegistan 3 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekdiler


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (ç) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s)

Türkiýe we Özbegistan 3 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekip, iki ýurduň arasynda ençeme ýyllap dowam eden dartgynlylygyň soňuna çykdylar we ykdysady hem medeni gatnaşyklara bat berdiler.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 30-njy aprelde Ankaranyň we Daşkentiň öňe süren “umumy gymmatlyklarynyň” ähmiýetini nygtady.

Erdogan Özbegistana üç günlük saparyna başlamagynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda ýurtlaryň ozalky ýyllaryň dartgynlylygyny aradan aýyryp, “elden berlen” mümkinçilikleriň öwezini dolmagy başarjagyna umyt baglady.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy eýýäm çürt-kesik ýokarlandy we 2017-nji ýylda ozalkysyndan 30% ýokarlanyp, 1.5 milliard dollara ýetdi.

Türkiýäniň we Özbegistanyň arasyndaky dartgynlylyk Yslam Karimowyň Ankarany öz syýasy garşydaşlaryny gizlemekde aýyplamagynyň yzýany güýçlenipdi.

Özbegistanyň häzirki prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçen soň regional hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugrunda hereket edýär. Mirziýoýew 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýä sapar etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG