Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda garamtyl reňkdäki we könelişen ulaglar 'awlanýar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

25-nji aprelden başlap Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýasy garamtyl reňkdäki hem-de könelişen awtoulaglary gözlemek we saklamak boýunça reýdleri geçirip başlady diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Neşiriň 28-nji aprelde beren maglumatyna görä, häzirki wagt şäherde raýatlaryň diňe ak we çal reňkdäki transport serişdelerini sürmegine rugsat berilýär. Beýleki reňkdäki awtoulaglar bolsa, “jerime duralgasyna” alnyp gidilýär.

Bu maglumaty, Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanýan we Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew hem tassyklap, bu çäräniň indi iki aýdan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, ýöne geçen hepdeden başlap, munuň has-da güýçlendirilendigini aýtdy.

“Polisiýa işgärleri birinji gezek saklanan awtoulag eýelerine resmi ýagdaýda düşündiriş berýärler. Olar ‘indi şu reňkli maşynyň bilen köçä çykmak, çykjak bolsaň, reňkini üýtget’ diýýärler. Ýa-da başga bir bahana tapyp, 50 manat möçberinde jerime tölemeli edýärler. Polisiýa işgärleri sürüjilere ‘ikinji gezek ele düşäýseň, maşynyň eliňden alyp duralga äkideris hem-de düzgün bozan adam hökmünde uly jerimeleri salarys, maşynyň eliňden almaga çenli bararys’ diýýärler” diýip, Bugaýew balkanly sürüjileriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri reňkine seretmezden, Orsýetde öndürilen “Žiguli”, “Niwa”, “Moskwiç” kysymly we beýleki könelişen awtoulaglary hem saklap, olary “jerime duralgalaryna” alyp gidýärler. Ol bu gadagançylyklar sebäpli Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň öz garamtyl reňkdäki ýa-da könelişen awtoulaglaryny welaýatyň çarwa obalaryna satyp başlandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýurduň günbatar welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde awtoulag eýelerine garşy dil üsti bilen girizilen gadagançylyklar diňe munuň bilen hem çäklenmeýär. Polisiýa işgärleri günden goranmak üçin gara äýnek dakynan awtoulag sürüjilerini saklap, olara “köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozduň” diýip, 50 manada çenli pul jerimesini hem salýarlar.

“Köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri awtoulag sürüjilerine “gara äýnek dakynyp, öz ýörejek ýoluňy saýgarmagyňa zyýan edýäň” diýseler-de, gara äýnegi dakmagy gadagan edýän resminamany ýa-da karary görkezmekden ýüz öwürýärler” diýip, Bugaýew polisiýa tarapyndan saklanan awtoulag sürüjileriniň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.

Mundanam başga, Türkmenbaşy şäherinde awtoulag sürüjilerine garşy gözegçilikler gijelerine hem dowam etdirilip, polisiýa işgärleri ulagyň yşyklandyrýan çyralarynyň hiline seredip, sürüjilerden “göz gamaşdyryjy” diýilýän çyralary çalyşmagy talap edýärler.

“Awtoulaglaryň käbirine has ýiti lampoçka dakypsyň, seniň şunyň bolanok diýip, dessine ony duralga alyp gidýärler. Ertesi güni şony çalşyrandan soňra sürmäge rugsat edilýär” diýip, Bugaýew awtoulagynda doga-bagjyklar, alajalar asylan ýa-da käbir ýazgylar ýazylan sürüjileriň hem saklanyp, olardan bulary aýyrmagyň talap edilýändigini belledi.

Türkmenbaşy şäherinde awtoulaglara we olaryň sürüjilerine garşy gözegçilikleriň güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada häzirlikçe resmi düşündiriş berilmeýär. Bu barada şäheriň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri hem anyk maglumat bermeýärler.

Emma “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri bu çäräniň türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkana etjek sapary bilen baglanyşyklydygyny, ýöne türkmen lideriniň bu welaýata haçan barjakdygy barada anyk maglumatyň ýokdugyny aýdýar.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda köçeleri gara we garamtyl reňkdäki, şeýle-de könelişen awtoulaglardan arassalamak çärelerine ilkinji gezek geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda girişilip, soňra bu ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda hem amal edilip başlandy.

Maglumat üçin ýatlatsak, mundan iki ýyl çemesi öň hususy eýeçilikdäki awtoulaglaryň, şol sanda welaýatlardan gelen ulaglaryň ählisine Türkmenbaşynyň Awaza etrabyna girmek gadagan edilipdi.

XS
SM
MD
LG