Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenbaşy portuny açdy, ekspert onuň halkara ähmiýetini sorag astyna alýar


​​Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy portunyň açylyşyna gatnaşýar. 2-nji maý, 2018 ý.
​​Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy portunyň açylyşyna gatnaşýar. 2-nji maý, 2018 ý.

Türkmenistan täze deňiz portuny açdy, bu desganyň ýurduň eksport mümkinçiliklerini gowulandyrmagyna we Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän sebitara merkez bolmagyna umyt baglanylýar.

Türkiýänň GAP Inşaat kompaniýasy tarapyndan gurlan 1,5 milliard dollarlyk desga 2-nji maýda, merkezi aziýa ýurdunyň tebigy gaz eksportyna bagly bolan ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek synanyşygynyň fonunda açyldy. Ýurduň walýuta girdejileriniň ýeke-täk çeşmesi bolan gaz eksporty türkmen gazynyň esasy alyjysy bolan Orsýet 2016-njy ýylda, gaz nyrhy üstündäki dawa zerarly gaz importyny bes edeninden soň, düýpli kemeldi.

Hökümetiň maglumatlaryna görä, täze Türkmenbaşy porty Türkmenistanyň ýük dolanyşygyny üç esseden gowrak artdyrar, ýagny ýylda 25-26 million tonna çenli ýetirer. Açyk deňze çykalgasy bolmadyk Kaspi deňzi regonda söwda we ýük gatnawynyň möhüm nokatlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze portuň döwrebap deňiz transporty ulgamynda wajyp çatryk boljakdygyny we Gara deňiz sebitine, Ýewropa, Ýakyn Gündogara we Aziýa çykmak üçin amatly şert döretjekdigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer bu portuň Türkmenistan üçin suwaldylan gaz, nebit-himiýa önümlerini eksport etmekde peýdaly bolup biljekdigini, Aşgabadyň munuň üçin gazy suwuklandyrýan, nebit-himiýa önümlerini öndürýän zawod gurýandygyny, Orsýetden gämi satyn alyp ýörendigini belleýär. Ýöne ekspert bu portuň uludan tutulmagynyň, oňa harçlanan 1,5 milliard dollar ýa-da ondan hem kän serişdäniň türkmen ykdysadyýeti üçin o diýen amatly bolmandygyny, belki-de ýitgi bolandygyny öňe sürýär.

Täze port uly we esasy baglanyşyk merkezi hökmünde guruldy, bu iş Gazagystanyň Aktaudaky esasy we giňeldilen portuny, Kurek diýen ýerdäki täze portuny nazara alman edildi. Bu iki port ýylda 20 million tonnadan gowrak, belki-de 25 million tonna ýük geçirýär” diýip, Brýus Panniýer bu merkezleriň Hytaýdan gelýän ýükleri gapyp alýandygyny ýatlatdy.

Ekspertiň pikirine görä, hytaýlylar üçin Türknebaşydaky porta garanda Hazaryň gazak kenaryndaky portlar has arzan düşer. Şu sebäpden, häzirlikçe “Türkmenbaşy şäherindäki portuň halkara manysy düýpden ýok, ol türkmen we özbek ýüklerini gatnadyp biler, Günorta Aziýadan, Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan we Hytaýdan gelýän gämileriň ählisi gazak portlaryny ulanar” diýip, Panniýer Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de ekspert täze portuň bahasynyň aşa gymmatdygyny, 1,5, - 2 milliard dollar arasyndaky çykdajynyň agzalýandygyny belläp, Türkmenistanyň kaşaňlyga, ululyga we şunuň arkasyndan at-şöhrada kowalaşmak gylygynyň ýurduň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirýändigine ünsi ýekdi.

Brýus Pänniýeriň pikiriçe, Türkmenistan işleýän, şol bir wagtda hem beýle gymmat bolmadyk desgalary gursa gowy bolardy, belki-de Garagumda gurulýan Beýik türkmen köli, Hazarda gurulýan emeli ada ýaly desgalary gurmak gerek däldi.

"Türkmenbaşyda nebit-himiýa önümlerini eksport etmek üçin port gerek, ýöne beýle porty häzirki agzalýan serişdäniň ýarysyndan hem az pula gurup bolardy" diýip, ekspert aýtdy.

Şeýle-de ekspert Türkmenistanyň mundan ozalky gymmatbaha desgalar açylanda hem uly sanlary geitirip, uly girdeji wadalaryny berendigini ýatlatdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň ýeterlik gämi gurluşyk tejribeleriniň bolmandygyna garamazdan, Türkmenbaşy portunyň gapdalyndaky “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň ýylda 4 - 6 gämi öndürmek, ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamak mümkinçiligi bolar.

Bellemeli ýeri, Hazaryň boýunda Türkmenistan bilen Gazgystanyňkydan başga, Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem portlary bar.

XS
SM
MD
LG