Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki ýylda maýyplygy hasaba alynmadyk raýatlaryň maýyplygy 'ykrar edilmeýär'


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda adamlar maýyp bolandan soň, iki ýylyň dowamynda maýyplygyny hasaba aldyrmasa, olaryň maýyplygy ykrar edilmeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri we habarçylary aýdýarlar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmämiz özüniň we başga-da bir adamyň süýji keseli sebäpli mundan iki ýyl gowrak ozal aýagynyň kesilip aýrylandygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mundan birnäçe aý öň, olar raýatlaryň maýyplygyny ykrar edip, maýyplyk derejesini berýän Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýarlar. Ýöne bu ýerdäki jogapkär resmiler olara: “Siziň aýagyňyzyň kesilenine iki ýyl bolupdyr, aradan şunça wagt geçensoň, biz siziň maýyplygyňyzy ykrar edip bilmeýäris” diýip, jogap berýärler.

“Men aýagym kesilenden soň saglyk bejergilerimi alyp, maýyplygy ykrar edýän Aşgabadyň lukmançylyk edarasyna ýüz tutanymda, maňa ‘seniň aýagyň kesilenine iki ýyl geçipdir. Biz iki ýyl geçenden soňra maýyplygy düzgünleşdirmeýäris, ýagny size maýypdygyňyz hakynda ýörite karar çykaramyzok’ diýdiler. Men we meniň aýagy kesilip aýrylan ýene bir tanşym ‘protez aýak bilen ýöremegi öwrenip, aýagymyzyň kesilendigini psihiki taýdan kabul edýänçäk hem aradan wagt geçdi’ diýip düşündirjek bolanymyzda-da, ‘biziň edip biljek zadymyz ýok’ diýip jogap berdiler. Biz döwlet edarasyna haçan barsagam, kesilen aýagymyza derek täzeden aýak bitmejegi uly ile mälim ahyryn” diýip, 55 ýaşyndaky aşgabatly maýyp gürrüň berdi.

Şondan soň ol özüniň we aýagy kesilen tanşynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligine, Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik edarasyna arza bilen ýüz tutandygyny, ýöne öz arzalaryna hiç hili ýazmaça jogap berilmeýändigini aýdýar.

“Biz arza ýazanymyzdan soňra ýaşaýan ýerimizdäki Saglyk öýünde işleýän maşgala lukmany gelip, bize ‘siz beýdip arza ýazyp, adamlaryň kellesini agyrdyp ýörmäň. Kanunçylykda şeýle ýagdaý göz öňünde tutulan’ diýip aýtdy. Biz oňa bu baradaky kanunçylygyň ýa-da düzgünnamanyň göçürmesini bize görkeziň diýenimizde, ‘biz oňa borçly däl. Başga ýerden özüňiz gözläň’ diýip, jogap berdiler. Soňra-da ol ‘iş stažyňyz 25 ýyla ýetýän bolsa, döwlet edaralaryna ýüz tutuň, size zähmet pensiýasyny bererler’ diýdi” diýip, aşgabatly maýyp gürrüň berdi.

Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleri we habarçylary bilen söhbetdeş bolan aýagy kesilip aýrylan maýyplaryň ençemesi zähmet pensiýasyna çyksalar, özleriniň saglyk bejergisi üçin zerur bolan dermanlary ýeňilleşdirilen bahadan alyp bilmejekdigini aýdyp, maýyplyk derejesini almaga synanyşýandyklaryny belleýärler. “Biz ýakynda Türkmenistanyň prezidentine we Mejlisiň başlygyna hem arza ýazdyk. Eger şol arzalarymyza hem jogap bolmasa, onda zähmet pensiýasyna çykmakdan başga alajymyz ýok” diýip, aşgabatly maýyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda maglumat almak üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi, Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň sosial üpjünçilik edarasy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite websaýtynda hem raýatlaryň maýyp bolandan soň, näçe wagt möhletiniň dowamynda degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmalydygy hakynda maglumat göze ilmeýär.

Türkmen mediasynda ýurtdaky maýyplaryň ýa-da mümkinçiligi çäkli adamlaryň aladasynyň giňden edilýändigi, olara maýyplyk kömek pulunyň öz wagtynda berilýändigi, şeýle-de olaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýörite ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurulýandygy barada maglumatlar berilýär.

Emma ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi gurulýan şol jaýlaryň ýurtdaky maýyplaryň ujypsyzja bölegine berilýändigini, galyberse-de, ýurtda maýyplyk derejesini ykrar etdirmekde hem para almak we bermek meselesiniň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Mundanam başga, ýurtda mümkinçiligi çäkli adamlaryň, şol sanda arabaly maýyplaryň erkin hereket etmegi üçin köçeleriň, döwlet edara-kärhanalaryň, söwda nokatlaryň, jemgyýetçilik transport serişdeleriniň aglabasynda talabalaýyk şertleriň göz öňünde tutulmandygyny, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG