Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek intellektuallary sowet döwrüniň derňewçisine garşy derňewleriň geçirilmegine çagyrýar


Telman Gdlýan

Özbek intellektuallarynyň bir topary hökümeti sowet döwrüniň derňewçisi Telman Gdlýana garşy jenaýat derňewlerini geçirmäge çagyrýar. Gdlýan 1980-nji ýyllarda Moskwada “özbek işi” ýa-da “pagta işi” diýlip tanalýan korrupsiýa garşy kampaniýa ýolbaşçylyk edýärdi.

4-nji maýda özbek mediasynda çap edilen açyk hatda intellektuallar “jenaýatlara jogapkär adamlara degişli jeza çäresiniň görülmegini we taryhy adalatyň dikeldilmegini” talap edýärler.

“Biziň pikirimizçe, Telman Gdlýanyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi maksada laýykdyr” diýlip, hatda bellenilýär. Şeýle-de, onda 77 ýaşyndaky Gdlýan “özbek halkyna garşy jenaýat etmekde” güman edilýär.

Ýazyjylar 1983-89-njy ýyllarda Özbegistanda amala aşyrylan kampaniýa döwründe Gdlýanyň “özbek halkyna terrorçylyk edendigini we ýüzlerçe resminamany galplaşdyrandygyny” öňe sürdiler.

Şeýle-de, olar hökümeti Gdlýanyň we gürrüňi edilýän işe gatnaşygy bolan sowet döwrüniň beýleki derňewçileriniň ekstradisiýa edilmegini gazanmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG