Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti goşuny duýdansyz barlady


Türkmenistanyň presidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti öňünden yglan edilmedik harby türgenleşigini geçirdi. 3-nji maýda irden Gurbanguly Berdimuhamedow harby türgenleşik merkezleriniň birine bardy, diýip TDH döwlet agentligi habar berdi, emma onuň ýerleşýän ýerini anyklaşdyrmady.

Читайте также на русском

Resmi maglumata görä, prezidentiň buýrugy esasyndaky bu türgenleşikler “milli goşunyň söweşe ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen” geçirilipdir.

Maşklaryň dowamynda milli goşunyň üpjünçiligindäki döwre laýyk harby howa we ýöriteleşdirlen tehnikanyň görnüşleri ýurt baştutanyna görkezilipdir we maşklarda ulanylypdyr.

“Harby-howa we howadan goranyş, guryýer, harby-deňiz güýçleri we ýöriteleşdirilen maksatlar boýunça toparlar döwletimiziň territoriýasyna giren şertli duşmanlary ýaragsyzlandyrmakda we ýok etmekde ösen ussatlygyny görkezdiler” diýip, resmi media habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti şeýle çäreleriň her biriniň harbylaryň harby ussatlygynyň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň prezidenti goşunyň harby ussatlygyny duýdansyz barlamak boýunça öňünden yglan edilmedik çärelerini öňem geçiripdi.

Geçen ýylyň awgust aýynyň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow öňünden yglan edilmedik şeýle çäresinde sowuk we okly ýaraglary ulanmakdaky öz şahsy ussatlygyny görkezip çykyş edipdi. Şonda türkmen mediasy Berdimuhamedowyň häzirki zaman söweş ýaraglaryndan atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna degendigini, onuň “ýokary ussatlygynyň harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdep” bolandygyny habar berdi.

Berdimuhamedow harby ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00

Türkmenistanyň prezidentiniň we ýaragly güýçleriniň gatnaşmagyndaky “Türgen-2017” atly öňünden yglan edilmedik şol duýdansyz harby maşklar Türkmenistanyň günorta-gündogarynda Owganystan we Eýran bilen serhetlerinde “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň ele salynmagy bilen bagly wakanyň yzýanyna gabat gelipdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň bu maglumatyny Türkmenistan resmi derejede ne tassyklapdy, ne-de ret edipdi.

5-nji maýda geçirilen şu gezekkiharby türgenleşikler bilen bir wagtda, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň göçme maslahaty hem geçirildi.

Maslahatyň dowamynda, hususan-da, Türkmenistanyň prezidenti Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowa käýinç yglan etdi. Resmi formulirowkada onuň wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmändigi we işde kemçilik goýberendigi aýdyldy, emma kemçiligiň nämeden ybarat bolandygy anyklaşdyrylmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG