Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow aýlyklaryň artandygyny aýdyp, statistika gullugynyň başlygyny täzeledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýene bir gezek öz egindeşleriniň hasabatlaryny diňledi, olaryň aýdýan uly ösüş sanlaryny tassyklady, aýlyk zähmet haklarynyň artandygyny aýtdy we, “başga işe geçýändigi sebäpli”, statistika gullugynyň başlygyny täzeledi.

Читайте также на русском

TDH-nyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň netijeleri boýunça,ýurtda “jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy”.

Şeýle-de neşir ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet aýlyk hakynyň, 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8,9 göterim ýokarlanandygyny tassyklap, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirilendigini habar berýär.

Bu maglumat milli manadyň ABŞ dollarynyň garşysyndaky hümmetini rekord derejelerde ýitirýän ($1 - “gara bazarda” 16 manatdan geçdi, emma resmi kursda 3,5 manat bolmagyna galýar), daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň Türkmenistanyň bank kartlary arkalyöz ene-atalary tarapyndan iberilýän serişdäni hem idili alyp bilmeýändikleri barada şikaýat edýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen talyplary prezident Berdimuhamedowa ýüzlendiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:02 0:00

Munuň üstesine, soňky dört aýda ýurtda azyk we senagat harytlarynyň, dermanlaryň, transport-ulag hyzmatlarynyň bahalarynyň ençeme esse ýokary galandygy, iş orunlarynyň kemeldilýändigi, pensiýa ýaşyna ýeten tejribeli işgärleriň işden çykarylýandygy hakynda resmi taýdan tassyklanylmaýan we inkär edilmeýän maglumatlar bar.

Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde ýurtdaky makro-ykdysady görkezijiler boýunça uly-uly ösüş sanlarynyň getirilmegi, şol bir wagtda real durmuşa, raýatlaryň iş, gazanç etmek mümkinçiliklerine we giň ýaýran korrupsiýa, parahorlyk bilen bagly kynçylyklar barada umuman dymylmagy täzelik däl.

Ikinji tarapdan, döwlet baştutany wagtal-wagtal “statistika edaralarynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekýär”.

Resmi habara görä, Berdimuhamedow 4-nji maýdaky hökümet mejlisinde hem jemgyýetçiligiň “ygtybarly statistiki maglumatlar bilen yzygiderli üpjün edilmelidigini” belledi.

“Döwlet derejesinde dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin dessin-maglumat statistik seljermesiniň ylmy usulyýetiniň esasynda öz wagtynda toplanan doly we anyk statistiki maglumatlaryň bolmagy zerur şert bolup durýar” diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat prezidenti sitirleýär.

Megerem şu talaby ödemändigi üçin, Aýna Öräýewa Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlyklygyndan boşadyldy we onuň ornuna komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işlän Halykdurdy Gurbanow bellenildi. Resmi düşündirişde A.Öräýewanyň başga işe geçendigi aýdylýar, ýöne haýsy işe geçendigi anyklaşdyrylmýar.

Prezident Berdimuhamedow adatça hökümet mejlisinde getirilýän, şol bir wagtda Döwlet statistika gullugy tarapyndan tassyklanylýan uly ösüş sanlaryny açyk şübhe ýa-da sorag astyna almaýar. Emma onuň hökümet derejesinde tassyklanan uly ösüş sanlaryna garaman, birbada iki orunbasaryny çalşyrýan halatlary hem bolýar.

Bu geçen ýylyň aprelinde, hökümet başlygynyň nebit-gaz senagaty we oba hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän orunbasarlary işden boşadylanda hem şeýle boldy.

Şonda wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýew ýylyň birinji çärýeginde nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak planynyň 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemek planynyň 105,3 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy; Aýna Öräýewa bolsa “hasabat döwründe ähli pudaklarda önüm öndürmegiň ýokary möçberleriniň göze ilýändigini” ynandyrmaga çalyşdy. Ýöne bu ynandyrmalar prezidenti “ösüş gazanýan” egindeşlerini täzelemekden, olaryň “ýolbaşçylyk eden döwründe ýagdaýyň gowulyga tarap üýtgemändigini” boýun almakdan saklamady.

4-nji maýdaky hökümet meglisiniň dowamynda prezident Durdymyrat Atadurdyýewi “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Gyýanlydaky polimer zawodynyň direktory; Döwrangeldi Sapbaýewi Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän täze zawodyň direktory; Annadurdy Kösäýewi Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary, şol bir wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy; Leýli Gurbanowany “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary; Sülgün Babaýewany Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine belledi.

Şeýle-de, Aýjeren Atajanowa, "özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin", Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Bu gezek hiç resmä “soňky duýduryş” berilmedik hem bolsa, mejlis käýinçsiz we berk käýinçsiz hem geçmedi: “wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gullugyň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin” diýip, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Amanmyrat Gurdowa; energetika ministri Çarymyrat Pürçekowa käýinç yglan edildi.

Bu käýinçler Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Atadurdy Osmanowa yglan edilen käýinjiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda prezidentiň karary bilen jogapkär wezipelere bellenilen we soňra "wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändikleri üçin" diýlip käýinç, berk käýinç, soňky duýduryş yglan edilen, wezipeden boşadylan, jogapkärçilige çekilen ozalky resmileriň sanynyň örän kändigi çaklanylýar, emma bu barada resmi sanlar eleýeterli däl.

Başlygy täzelenen Döwlet statistika gullugynyň saýtynda, esasy ykdysady görkezijiler, işsizligiň derejesi beýlede dursun, hatda ýurduň ilat sany barada hem anyk magluma berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG