Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohany ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykanyna ökünmeli boljakdygyny aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani. Arhiw suraty.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani. Arhiw suraty.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çyksa, muňa ökünjekdigini, sebäbi öz ýurdunyň prezident Donald Trampyň bu düýpli ylalaşyk barada geljek islendik kararyna garşy durmak üçin planlarynyň taýýardygyny aýtdy.

"Biziň Tramp tarapyndan ýadro ylalaşygy babatda gelinjek islendik karara garşy durmak üçin planlarymyz bar” diýip, Rohani 6-njy maýda Eýranyň demirgazyk-günbatarynda sözlän sözünde aýtdy we onuň sözleri döwlet telewideniýsei arkaly köpçülige ýetirildi.

"Eger-de Amerika ýadro ylalaşygyny terk etse, siz bahym görersiňiz, munuň yzy taryhy ökünje ýazar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma Rohani, eger-de ABŞ bu ylalaşygy terk etse, Eýranyň nähili reaksiýa bildirjegini anyklaşdyrmady.

Ýöne ol Trampyň geljek kararyna garaşmak bilen, hususan-da Eýranyň Atom energiýasy guramasyna, “zerur bolan buýruklary” berendigini aýtdy.

Tramp, eger-de ýewropaly ýaranlary onuň “elhenç kemçilikkerini” 12-nji maýa çenli düzetmeseler, ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykjakdygyny aýdyp, haýbat atdy.

XS
SM
MD
LG