Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Gazagystandan getirilýän unlaryň bahasy ýene-de galdy


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda satylýan Gazagystanda öndürilen unlaryň bahasy ozalkysyndan gymmatlady. Geçen hepdäniň ortalaryndan başlap, gazak unlarynyň 1 kilogramynyň bahasy 6 manat 50 teňňeden satylýar.

Читайте также на русском

Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew agzalýan unuň bahasynyň ýene-de ýokarlanmagy baradaky maglumatlary tassyklady.

“Mundan 10 gün ozalam Gazagystandan getirilen unlaryň 1 kilogramynyň bahasy 5 manat 50 teňňe diýlip [gabyň gapdalynda] ýazylyp, satylanda, aslynda 6 manatdan satylýardy. Indi ýöne bazarlarda, geçen hepdäniň ortalaryndan başlap, satylýan gazak unlarynyň gapdalynda 1 kilogramy 6 manatdan diýlen belgi goýlup, satylanda welin 6 manat 50 teňňeden satýarlar” diýip, ol aýtdy.

Paýtagtly synçy Türkmenistanda azyk-harytlaryň we senagat önümleriniň bahalarynyň, umuman, yzygiderli ýokarlanýandygyny belläp geçdi.

“Türkmenistanda bahalaryň, ylaýta-da azyk harytlaryň we senagat önümleriniň nyrhlarynyň gymmatlamagy yzygiderli dowam edýär” diýip, ol nygtady.

Söhbetdeşlikde esasan “gazak unlarynyň” Aşgabatdaky söwdasyna ünsi çeken paýtagtly synçy, olaryň satuwynyň soňky 3-4 aýyň dowamynda çarkandakly öwrümleri başdan geçirendigini gürrüň berdi.

“Mundan orta hasap bilen, 3.5-4 aý çemesi ozal Türkmenistana Gazagystanda öndürilen unlar getirilip başlandy. Ol unlar 1 kilogram 2 kilogram agramlylyk derejesinde kagyz gaplara gapgarylan, 5 kilogram möçberinde sintetiki haltalara gapgarylan [görnüşindedir]. Şol unlar başda getirilende onuň 1 kilogramynyň bahasyny 5 manatdan satmakçy boldular, ýöne onuň öňüni aldylar, 5 manatdan satmagyň gadagandygyny aýtdylar. Soň 4 manat diýip bahasyny ýazyp, 4 manat 50 teňňeden satyp ugradylar. Soňra ýuwaş-ýuwaşdan galyp, mundan 2 aý çemesi ozal şol unlaryň 1 kilogramynyň bahasyny 4 manat 50 teňňeden diýip ýazyp, 5 manatdan satyp başladylar” diýip, synçy gürrüň berdi.

Söhbetdeşimiz Gazagystanda öndürilen 1 kilogram unuň bahasynyň 5 manada galan döwründe polisiýanyň hem-de salgyt gullugynyň gullukçylarynyň bu söwda boýunça gözegçiligi güýçlendirendigini aýtdy.

“Şol döwürlerde polisiýanyň, salgyt gullugynyň hem-de beýleki döwlet gulluklarynyň “jyny” bazarlarda satylýan gazak unlaryna düşdi. Olar unuň hakyky kada-kanun esasynda getirilendigini, olaryň gümrüklerde hasaba alynandygyny talap edýän taraplar bilen bazarlara aýlandylar” diýip, synçy Gazagystanda öndürilen unlaryň Aşgabatdaky söwdasyna degişli ýagdaýlar hakda gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, mundan ozal türkmen paýtagtynda Polisiýanyň jenaýaty agtaryş bölüminiň gullukçylarynyň şäherdäki söwda nokatlara aýlanyp, Gazagystanda öndürilen unlary satýan dükan eýelerini we satyjylary soraga çekýändigi barada apreliň başynda maglumatlar peýda bolupdy.

Gözegçiligiň güýçlenen döwründe satyjylaryň “gazak unlaryny” birbada tekjelerinden gizländigini aýdan söhbetdeşimiz, sorag-idegiň gowşamagy bilen olaryň täzeden satylyp başlanandygygyny habar berdi.

“Şol unlary birbada dogurdanam, gizlediler, ýöne ara düşen 10-12 günden soňra şol talap aradan aýryldy. Unlar ýene-de satylyp ugraldy” diýip, synçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, alyjylar unuň bahasynyň galmagy bilen ynjalyksyzlanyp bazar administrasiýasyna ýüz tutanlarynda olaryň arzy şikaýatlaryna biperwaý garalýar. Şol bir wagtyň özünde, satyjylar özleriniň zyýana galmak islemeýändiklerini aýdyp unuň gymmat bahasynyň tarapyny çalýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG