Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Eýranyň Siriýadaky harby nokatlaryna zarba urup, ar alandygyny aýtdy


Ysraýylyň Golan beýiklikleri
Ysraýylyň Golan beýiklikleri

Ysraýylyň harbylary Golan beýikliklerine edilen 20 çemesi raketaly zarbanyň yz ýany, Eýranyň Siriýadaky harby nokatlarynyň “onlarçasyny” nyşana alandygyny aýtdy.

Ysraýyl Golan beýikliklerine edilen hüjüme Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň ýolbaşçysy Kassem Soleimaniniň görkezme berendigini aýdýar.

Ysraýylyň harby sözçüsi general-leýtenant Jonathan Konrikusyň 10-njy maýda irden Ierusalimde žurnalistlere aýtmagyna görä, Ysraýylyň goşuny Eýranyň aňtaw gulluklarynyň, transport we ulag ulgamlarynyň ulanýan nokatlaryny we ammarlarynyň ýerleşýän ýerlerini, ýagny Ysraýylyň özüne garşy zarbalaryň edilen bolmagyny güman eden ýerlerini nyşana alypdyr.

Ysraýylyň harbylarynyň resmi wekili Konrikus hüjümlerde agyr ýitgileriň bolmandygyny hem belledi.

“Ysraýylyň armiýasy Eýran tarapyndan Ysraýyla garşy amala aşyrylan bu hüjümlere örän çynlakaý çemeleşýär. Biz Eýranyň Siriýadaky onlarça harby nokatlaryny nyşana alyp, ar aladyk” diýip, Konrikus aýtdy.

Şeýle-de, ol munuň Ysraýylyň harbylarynyň soňky ýyllarda amala aşyran iň uly operasiýasy bolandygyny belledi. Muňa garamazdan, ol Ysraýylyň Eýran bilen dartgynlylygynyň möwjemegini islemeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, ýagny 10-njy maýda Ysraýylyň goranmak ministri Awigdor Liberman Eýranyň Siriýadaky güýçleriniň Ysraýyla garşy amala aşyran deňi-taýy bolmadyk diýip atlandyran raketa hüjümlerine güýçli gaýtawul berendigini aýtdy.

Şeýle-de, ol bu hüjümlerden Ysraýylda hiç kimiň ejir çekmändigini we raketalaryň ençemesiniň urlup gaçyrylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, 10-njy maýda iki sagat dowam eden reýdlerde Ysraýylyň “F-15” we “F-16” söweş uçarlarynyň 28 sanysy 60 çemesi raketaly howa zarbasyny amala aşyrdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy Ysraýylyň zarbalarynda 23 söweşijiniň, şol sanda bäş siriýaly esgeriň öldürilendigini mälim etdi.

Bu obserwatoriýanyň maglumatyna görä, zarbalarda Siriýanyň merkezi we günorta böleginde, şeýle-de Damaskyň golaýynda Eýran tarapyndan goldanylýan söweşijiler we Siriýanyň harbylarynyň birnäçe harby posty nyşana alyndy.

Bu howa zarbalary, Siriýanyň Ysraýyly Damaskyň günortasynda ýerleşýän Kisweh sebitindäki eýran harbylaryny nyşana alýan raketa zarbalaryna başlamakda aýyplamagyndan bir gün soňa gabat geldi.

Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, 9-njy maýdaky howa zarbalarynda 15 adam, şol sanda sekiz eýranly söweşiji öldi.

Geçen aý Siriýanyň Homs welaýatyndaky “T4” howa bazasyna edilen hüjümde Eýranyň ýedi harbysy öldürildi. Ysraýyl Siriýanyň demirgazygyndaky hökümete degişli harby bölümlerine howa zarbalaryny amala aşyrmakda aýyplanypdy. Şonda aglabasy eýranly hökümete tarapdar onlarça söweşiji öldürilipdi.

Ysraýyl bu howa zarbalarynyň aglabasyny ne tassyklady, ne-de inkär edi. Ýöne soňky aýlaryň dowamynda Ysraýyl Eýranyň harbylarynyň Siriýada dowamly bolmagyny kabul etmejekdigini yzygiderli tekrarlady.

XS
SM
MD
LG