Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň nyrhy rekord derejä ýetip, 19 manatdan aşdy; Dermanlar, azyk harytlary gymmatlady


Dollaryň "gara bazardaky" söwdagärleri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde dollaryň “gara bazardaky” nyrhy täze rekord derejä ýetdi. 11-nji maýda Daşoguz welaýatynyň bazarlarynda 1 amerikan dollarynyň bahasy 19 manatdan hem aşdy. Geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda we ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda 1 amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhy 18 manada barabardy.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý käbir azyk harytlarynyň, hususanda, dermanhanalarda dermanlaryň gymmatlan mahalyna gabat geldi.

“Dermanlar 300% gymmatlady. Bir aý öň iň arzan ‘Aspirin’ 2 manat 50 teňňä durýardy, häzir bolsa 7 manat 50 teňňeden satylýar. 30 manatdan satylan ‘Apkasul’ dermany häzir 80 manada durýar. ‘Sinepar’ 5 manatdy, häzir 30 manat” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, ol ýürek, gan-damar, süýji keseller üçin gerek dermanlaryň welaýatyň tas ähli dermanhanalarynda diýen ýaly tapdyrmaýandygyny, munuň üstesine, käbir dermanhanalarda “antibiotik” dermanlarynyň hem satuwynyň gadagan edilendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Köp dermanlar tapdyrmaýar. Galyberse-de, bar bolan dermanlary satyn almaga-da köp adamyň gurby çatmaýar. Agyr kesele duçar bolan adamlara mundan öň hem bir aýda ortaça 2 müň manat ýetmeýärdi. Häzir bu nähili bolar bilemok. Şeýle kesellere duçar bolan adamlaryň köpüsiniň dogan-garyndaşy dermanlary satyn almaga pul tapmak üçin daşary ýurtlara işlemäge gitmäge mejbur bolýarlar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Galyberse-de, ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmämiz regionda Türkmenistanyň süýji-köke önümleriniň hem geçen hepde bilen deňeşdirilende 50-70% gymmatlandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Dermanlaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň we käbir dermanlaryň gytalmagynyň sebäpleri barada häzirlikçe dermanhana işgärlerinden ýa-da degişli türkmen häkimiýetlerinden maglumat almak başartmady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan söwdagärler Türkmenistanda öndürilen süýji-köke önümleriniň gymmatlamagyny bu harytlaryň köpüsiniň Owganystana eksport edilmegi bilen düşündirýärler.

Daşoguzda käbir azyk harytlarynyň we dermanlaryň bahasy ençeme esse gymmatlan mahaly, Aşgabatda “Ahal” ýagy, şeker ýaly önümleriň gymmatlamagynyň we gytçylygynyň dowam edýändigini Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary aýdýarlar.

“Döwlet dükanlarynda bir ele 1 kilogramdan artyk satylmaýan şekeriň bahasy öň 4 manat 50 teňňedi, häzir 7 manatdan satylýar. Hususy dükanlarda bolsa, 1 kilogram şekeriň bahasy 15 manada durýar” diýip, habarçymyz Soltan Açylowa gürüň berdi.

Şeýle-de, ol Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçasynda ýerleşýän döwlete degişli “Arçabil” dükanynda her adama 1 litrden artykmaç gaby satylmaýan “Ahal” ýagyny almagyň hem kynlaşýandygyny, “bu ýerdäki nobatlardan ýaňa dükanyň golaýyna-da barar ýaly däldigini” sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy baradaky sözümize dolanyp gelsek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap ýurtda dollaryň söwdasynyň resmi taýdan bes edilmeginiň yz ýany, dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň, azyk we senagat harytlarynyň, gündelik durmuşda ulanylýan beýleki zerur harytlaryň bahasynyň gymmatlamagy yzygiderli dowam edýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda 1 amerikan dollarynyň resmi kursunyň 3,5 manat möçberinde saklanyp galýandygyny wagtal-wagtal tekrarlasalar-da, ne dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň, ne-de harytlaryň gymmatlamagy we gytçylygy barada kelam agyz söz aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG