Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda böwrek kesellileriň duçar bolýan kynçylyklary


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ýokary derejeli iç keselleri hassahanasynyň gurlandygyna 10 ýyl gowrak wagtyň geçendigine seretmezden, böwrek keselinden ejir çekýän hassalaryň kynçylyklarynyň kemelmeýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Derman senagaty we saglygy goraýyş ministrliginiň efirde adynyň tutulmazlygyny soran bir hünärmeniniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň bäş welaýatynyň her birinde “gemodializ” bejergisine, ýagny böwrekdäki hapa suwlary enjamlar arkaly aýyrmak kömegine mätäç hassalaryň sany 200-den geçýär.

“Türkmenistanyň iç keselleri hassahanasynda böwrekde dörän daşy operasiýa ýoly bilen aýyrmak ýaly bejergiler bolamasa, böwrekde emele gelýän dawleniýe arkaly dörän keselden zaýa bolýan böwregi aýryp, ýagny ony abat böwrege çalyşmak usuly ulanylmaýar. Şol sebäpli bu kesel bilen keselleýän hassalaryň aglabasy dünýäsini täzelemek bilen bolýarlar, ýa bolmasa ejir bilen ýaşaýarlar” diýip, hünärmen aýdýar.

Böwrek dawleniýesi bilen kesellän ogluny Türkmenistanda bejerdip bilmedik welaýat ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, ol öz ogluny Eýran yslam respublikasyna äkidip, şol ýerde üçünji böwregi goýdurypdyr. Bu bejergi oňa Eýrana birnäçe gezek gatnamaly bolandygy bilen birlikde, operasiýa hyzmatlary, däri-dermanlar bilen 40 müň dollara düşüpdir.

Ondan ozal ol öz ogluny golaý bolmadyk etrap merkezinden welaýat hassahanasyna her hepde-de iki-üç gezek gatnadyp, “gemodializ” bejergisini alýan ekeni. Bu bejergi üçin ulanylýan enjama gerek bolan filtriň ýetmezçiligi sebäpli birnäçe ýaş ömürleriň üzülendiginiň şaýady bolandygyny, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýaşaýjy aýdýar.

“Germaniýa döwletinden satyn alynýan filtrem, bu kesel bilen kesellän hassalara gerek bolan däri-dermanlaram Türkmenistanyň Derman senagaty we saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan wagtynda ýurda getirilmeýär. Getirilýän filtrleriň ölçegi hem 80-lik filtrler. Emma Eýranda ulanylýan filtrler 100-lik ýa 150-lik bolup, bu ölçegdäki filtrler hassanyň ganyndaky zäherli suwlary arassalamaga has amatly. Emma şol 80-lik filtrler hem ýeterlik bolmandan soňra hassahanalarda ozalky ulanylan filtrleri ulanýarlar. Bu bolsa düýbünden gadagan bolsa-da, hassanyň şol sagatdaky halyna dözmän, ozal ulanylan filtrleri ulanýarlar” diýip, ýaşaýjy gürrüň berýär.

Şeýle-de, ol “onsuzam 4 sagatlap apparatyň aşagynda ýatyp, ganyny zäherli suwdan arassalatmak üçin ysgyn-mydardan gaçýan hassalara bu usul hem urgy bolýar. Munuň netijesinde bolsa hassalar dünýäsini täzelemek bilen bolýarlar diýip, ýaşaýjy özleriniň şeýle bejergini alan Mary welaýat hassahanasynda 2011-nji ýylda 6-sany ýaş ýigitleriň sähel wagtda dünýäsini täzeländikleriniň şaýady bolandygyny” aýdýar.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylary ilatyň saglygy barada alada edýändiklerini, täze döwrebap hassahanalaryň gurulýandygyny, ilata edilýän medisina hyzmatlarynyň gowulanýandygyny nygtaýarlar. Emma Türkmenistanda adaty böwrek keselinden hassalary gutarmagy hem ýola goýup bilmeýärler.

“Bilimli lukmanlaryň hem ýetmezçiligi sebäpli, munuň netijesinde näçe ömürler üzülýär. Daşary döwletlerde böwrek keselinden ejir çekýänleriň böwreklerini çalşyp, hatda ony çalyşman üçünji böwregi näsaga goýup, näsaglara ikinji ömür berýän lukmanlar näçe diýseň bar. Emma biziň ýurdumyzda bu zatlaryň haçan ýola goýuljagyny näsaglar arzuw hem edip bilmeýärler” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

XS
SM
MD
LG