Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýewrowideniýe” bäsleşigini ysraýylly Netta ýeňdi


Ysraýylly aýdymçy Netta Barzilai.
Ysraýylly aýdymçy Netta Barzilai.

Bu ýylky “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi Ysraýyl boldy.

Ysraýylly aýdymçy Netta Barzilai özüniň “Oýunjak” diýen aýdymy bilen ilkinji ýeri eýelemegi başardy. Ikinji oruny Kipr, üçünji ýeri hem Awstriýa aldy.

Geçen ýyl Kiýewde geçirilen “Ýewrowideniýede” portugaliýaly aýdymçy Salwadar Sobralyň ýeňiş gazanandygy sebäpli, bu ýylky bäsleşik Portugaliýada geçirildi.

Barzilainiň ýeňişi netijesinde, 2019-njy ýylda “Ýewrowideniýe” Ysraýylda geçiriler.

“Ýewrowideniýe” ilkinji gezek 1956-njy ýylda geçirilipdi. Bäsleşigiň maksady 2-nji Jahan urşundan soň Ýewropany birleşdirmekdi.

Şu günki gün bu bäsleşige dünýä boýunça 200 million çemesi adam tomaşa edýär.

XS
SM
MD
LG