Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýeter-ýetmezçilik zerarly ilat köne 'sowet' altyn şaý-seplerini satyp başlady


Türkmenistanyň bazary (illýustrasiýa)

Maliýe kynçylyklary zerarly Türkmenistanda adamlar öz altyn şaý-seplerini satyp başladylar diýip, Azatlygyň türkmenistanly habarçylary aýdýarlar.

Читайте также на русском

“Bazar söwdegärlerinde sowet döwründe öndürlen köp altyn şaý-sepler peýda boldy. Adamlar öz altyn ýüzüklerini, gulak halkalaryny satyp başladylar. Pul ýetmezçiliginden ýaňa” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, şu günler 1980-nji ýyllarda we ondan hem öň öndürlen altyn bezegler köp duş gelýär.

“Birinji nobatda bu şaý-sepleriň reňki ... olar sary hem däl, ak hem däl-de, biraz gyzgylt bolýar. Granat daşly ýüzükler, “tarakan” atly syrgalar. Syrgalaryň ilikleri berk ýapylýar soň olary açmak hem kyn bolýar. Elbetde her bir adam ýany bilen ulaldýan aýnany göterip ýörmeýär. Emma şeýle şaý-seplerinde basylan möhüriň öňünde ýyldyz şekilli möhüri aýnasyz hem görüp bolýar, emma ýyldyzyň içindäki belgileri görmek üçin ulaldýan aýna gerek bolýar” diýip, altyn şaý-sepler boýunça türkmenabatly bilermen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda gymmatbaha zatlaryň girew astynda goýulmagynyň esasynda karz berýän lombardlar ýok. Ilatdan altyn şaý sepleri bazarlardaky söwdegärler satyn alýarlar. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ilkinji nobatda 585 we 583-nji hil belgili orsýetli altyn önümlerine isleg köp bolýar.

Munuň bilen bir wagtda-da, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, soňky wagtda ilatdan satyn alynýan altyn şaý-sepleriň nyrhy hem ýokarlanyp, 1 gramynyň bahasy 200 manada ýetipdir. Adynyň efirde tutulmagyny islemedik Türkmenabadyň ýaşaýjysy geçen tomusda altyn şaý sepleriň bir gramynyň bahasynyň 150 manada barabar bolandygyny aýtdy.

“Her bir adam bazarda söwdegäriň ýanyna baryp, satmakçy bolýan tyllasyny görkezip bilýär. Tomusda orsýet tyllasynyň 1 gramy 150 manada durýardy. Meniň hut özüm söwdegärlere satdym, emma şonda sowet döwrüniň şaý-sepleri ýokdy, diýip adynyň efirde tutulmagyny islemedik türkmenabatly zenan Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Mundan öň Türkmenistanda ilatyň maliýe kynçylyklar zerarly öý goşlaryny we mallaryny satmaga mejbur bolýandygy, şeýle tejribeleriň şu ýylyň başyndan bäri has giň ýaýrandygy habar berlipdi.

Türkmenistanda ilatyň gündeki durmuşynda duş gelýän dürli ykdysady kynçylyklar, ýagny harytlaryň gitdigiçe gymmatlamagy, esasy azyk önümleriniň gytçylygy we işsizlik zerarly ýurduň raýatlary gazanjyň gözleginde häzirki wagtda ýurduň daşyna has köp gidýärler. Olaryň bikanunçylyga baş goşýan halatlary hem duş gelýär.

Soňky aýlarda altyn şaý-sepleri gaçakçylykly ýol bilen Türkmenistanyň daşyna çykarmaga synanyşanda tussag edilen raýatlar hem boldy. Maý aýynyň başynda Hindistanyň Indira Gandi aeroportunda gümrükçileriň Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany ele salandygy, olaryň umumy agramy 19 kilogram altyn şaý seplerini gaçakçylykly ýol bilen geçirmekçi bolandygy habar berildi.

Türkmenistanyň daşyna gidýän raýatlaryň sanynyň çürt-kesik köpelendigini birnäçe ýurduň migrasion häkimiýetleriniň şu ýylyň başyndan bäri ýaýradan maglumatlaryndan görse bolar.

Hususan-da, Azerbaýjanyň häkimiýetleri Türkmenistandan barýanlaryň sanynyň ep-esli köpelendigini mart aýynda mälim etdiler. Azeri mediasyna görä, türkmenistanlylar köplenç Azerbaýjana altyn şaý-seplerini alyp barýarlar we olary satyp, öz ýurduna azyk önümlerini alyp gaýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ykdysady krizisiň ýüze çykandygyny resmi taýdan boýun almaýarlar. Şeýle-de, Türkmenistan öz halkyň hakyky sosial-ykdysady ýagdaýyny görkezýän statistik sanlaryny çap etmän gelýär, şol sanda ilatyň girdejileriniň we işsizliginiň derejesini açyk görkezmeýär. Adamyň ýaşamagy üçin zerur önümleriň minimal möçberiniň hasaplanmagynyň esasynda beýleki ýurtlarda döwlet derejesinde kesgitlenýän gün-güzeran zerurlygy diýilýän düşünje Türkmenistanda asla ýok.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG