Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Az aýlyklylar üçin, elýetersiz bahaly azyk önümleri


“Bazarlara barsaň, şol bir görnüşli harytlar, olaryň assortimenti hem üýtgemeýär. Diňe bahalaryň üýtgeýändigi göze ilýär”.

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasynyň ýokarlanmagy bilen daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem azyk önümleriniň bahalarynyň aşa ýokarlanmagy dowam edýär.

“Bazarlara barsaň, şol bir görnüşli harytlar, olaryň assortimenti hem üýtgemeýär. Diňe bahalaryň üýtgeýändigi göze ilýär” diýip, aşgabatly pensioner, 73 ýaşly Orzabagt daýza aýdýar.

Pensionerleriň bu ýokarlanýan bahalar bilen özleriniň göwün isleýän harytlaryny satyn almaga mümkinçiliginiň bolmaýandygyny, aýratyn-da alma, banan, apelsin, mandarin ýaly önümleriň häzirki wagtda ujypsyz aýlyk alýanlara ýetdirgisizdigni ol sözüne goşýar.

Onuň aýtmagyna görä, sary ‘türk almasy’ diýilýän görnüşli almanyň ozal bir kilogramynyň bahasy 4,50 manat bolsa, häzir “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde 14,60 manatdan, gök ‘türk almasy’ diýilýän görnüşli almanyň kilosy ozal 10 manatdan bolsa, häzir 21,90 manatdan, mundan bir ýyl ozal bir kilogramy 7 manat bolan banan indi 18 manat, hili gowularynyň bir kilogramy 20,30 manatdan satylýar.

Süýt-gatyk, kolbasa önümleriniň bahalary hem ýokarlanýar. ‘Sapaly’ firmasynyň öndürýän “Özgeriş” atly gaýnadylan görnüşli kolbasasynyň ozal bir kilogramy 14 manat bolsa, onuň häzirki bahasy 26 manada durýar. Tüwiniň bir kilogramy ozal 3 – 4,5 manat aralygyndady, ol häzir 6 – 7 manat aralygynda bahalanýar.

Guş toplumyna seretsek, ýumurtga 33 teňňe bolmagynda saklansa-da, ony satuwda tapmak barha kynlaşýar.Teke bazarynda, ozalky Daşoguz bazary atlandyrylýan “Azatlyk” bazarynda guş toplumynyň öndürýän ýumurtgasy satuwa çykarylanda, onuň nobatlaryndan ýaňa golaýyna barar ýaly däl.

Oba ýerlerinden getirilýän elin ýumurtgalaryň bahasy şu günler ýene-de 80 teňňä çenli ýokarlandy. ‘Altyn asyr’ bazarynda, Aşgabadyň Hitrowka raýonynda ýerleşýän “Genji hazyna’ söwda merkezinde ýumurtgalar 40 teňňeden satýarlar diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Mesge ýaglary satuwda gytalyp başlady, “Prezident” atlandyrylýan mesge ýagyny indi Aşgabadyň dükanlaryndan gözläp hem tapyp bolmaýar” diýip, Orazbagt daýza sözüne goşýar.

Şu ýyl ýumurtganyň gyt bolmagy rus milletinden bolan ýaşaýjylaryň Pasha baýramçylygyna ýaramaz täsir edendigini aşgabatly Nina daýza aýdýar.

“Geregiçe ýumurtga tapdyrmady. Ozalky ýyllarda dogan-garyndaşlarymyza, tanyş- bilişlerimize reňklenen ýumurtga bilen dürli kökedir keksleri sowgat paýlaýardyk. Bu ýyl ýumurtganyň hem şekeriň gytalmagy bilen ýumurtga hem reňkläp bolmady, kökedir keks hem bişirip bolmady. Bunähile döwür boldy, hemme zada gytçylyk girizip barýarlar” diýip, Nina daýza aýdýar.

Ýaşaýjylaryň sözüne görä, bar bolan harytlaryň hem bahalary gün-günden üýtgäp, ýokarlanyp dur. Dollaryň gara bazardaky nyrhynyň bolsa şu günler 15 manada golaýlandygyny, şeýle baha bilen daşary ýurtlardan haryt getirip, ondan peýdalanmagyň juda kyn bolýandygyny, şol sebäpli daşary ýurtlara gitmeklerini hem bes edýändiklerini ownuk söwda bilen meşgul bolýan telekeçiler nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG