Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif özüniň 15-nji maýda Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini bilen geçiren duşuşygyna “örän oňat we konstruktiw” diýip, gowy baha berdi.
Zarif Waşington 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykansoň, bu ylalaşyga berlen goldawy saklap galmak maksady bilen dünýäniň täsirli ýurtlarynyň paýtagtlaryna sapar etdi. Brýussel bu şäherleriň iň soňkusydyr.
Onuň 15-nji maýda Aşgabat wagty bilen agşam sagat 11:30-da ýadro ylalaşygyndaky Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň daşary işler ministrleri bilen hem duşuşyp, gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.
Tramp “Eýran Ýakyn Gündogarda söweşiji ýowuzlyklaryny maliýeleşdirmek we ballistik raketalary synagdan geçirmegi dowam etdirmek arkaly” ylalaşygyň ruhuny, özenini bozdy” diýip, 8-nji maýda ylalaşykdan çykdy.
Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlar tarapyndan Eýranyň garşysyna girizilen ykdysady sanksiýalary gaýtadan dikeltjekdigini, bu ylalaşygyň “asla edilmesiz aýylganç, birtaraplaýyn geleşik” bolandygyny hem belledi.