Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin hökümetiň düzümini täzelemek baradaky permana gol goýdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hökümetiň düzümini täzelemek baradaky permana gol goýdy.

Bu perman, 15-nji maýda Putin premýer-ministr Dmitriý Medwedew bilen duşuşandan soň çap edildi.

Kremliň websaýtynda çap edilen permana görä, Bilim we ylym ministrligi iki aýry ministrliklere bölüner. Umumy bilim ministrligi – umumy bilim berýän mekdeplere we orta hünärment mekdeplerine gözegçilik eder. Ylym we ýokary bilim ministrligi – uniwersitetleriň we ylmy barlag institutlarynyň işlerini sazlaşdyrar.

Ýaşlar meselesi boýunça federal agentlige we Bilime kontrollyk edýän agentlige göniden-göni hökümet gözegçilik eder.

Bu herekete, soňky ýyllarda Orsýetde hökümete garşy geçirilýän ýörişlere gatnaşýan ýetginjekleriň we ýaşlaryň sanynyň barha artýan mahaly, orsýetli ýaşlaryň ýokarsynda has berk kontrollygy dikeltmegiň bir usuly hökmünde garalýar.

Şeýle-de, täze permana laýyklykda, ýurduň maliýe ministri premýer-ministriň orunbasary wezipesini hem ýerine ýetirer. Munuň netijesinde Orsýetde premýer-ministriň orunbasarlarynyň sany 10-a ýeter.

XS
SM
MD
LG