Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýçli ýagyş zerarly türkmen paýtagtynyň merkezini suw aldy


Aşgabat

Aşgabadyň häkimiýetleriniň we milli habar beriş serişdeleriniň bu tebigy ýagdaý we onuň netijeleri barada dymýan wagtynda Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna we sosial mediada peýda bolan wideo ýazgylara görä, birnäçe gün bäri dowam edýän ýagyşlaryň netijesinde Aşgabadyň birnäçe merkezi köçesini we onlarça binany suw alypdyr.

Aşgabatda güýçli yagyş zerarly köçeleri suw aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

“Güýçi ýagyş tas bir hepde bäri ýagýar. Edil häzir ýaganok, emma töwerekdäki daglaryň daşy bulutly görünýär, agşamara ýene ýagjaga meňzeýär. Düýn we öňňin örän güýçli ýagdy, toprak suwy çekip bilmän suw ýygnandy. Şonuň üçin geçen gije Podwoýskiý we Sowetskaýa köçelerinden suw sil bolup geçdi. Bu köçeleriň ikisi-de "režimli" hökümet köçeleri hasaplanylýar. "Berkarar" söwda merkezinde ýerzeminini suw aldy. Köp haryt zaýalandy. Köp mebel, şol sanda gymmatbahaly goşlar zaýalandy. "Kamil" azyk dükanynyň haryt sklady”, - diýip Azatlygyň korrespondenti habar berdi.

Ýerli synçylar ýagyşyň ýetiren maddy zyýanynyň uly boljagyny çak edýärler, sebäbi şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän binalaryň ençemesi, şol sanda il içinde "elitnyý" dililýän täze kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň aşagyndaky awtoduralgalaryny suw alypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda şäherde ýagyşyň netijelerini aradan aýyrmak, köçeleri arassalamak boýunça guramaçylykly işler geçirilýär. Bu işlere kommunal hojalyklaryň işgärleri bilen bilelikde döwlet işgärleri hem çekilýär.

"Olar köçeleri arassalaýarlar, ýer asty geçelgelerden suwy çekýärler. Edil häzir ýagyş suwy ýerasty awtoduralgalarda we "Berkararda" galdy" diýip habarçymyz belledi.

Aşgabadyň merkezi köçelerinde ýagyşyň netijesinde suwuň ýygnanmagyna degişli tejribeler öňem bolupdy. Dört ýyla golaý wagt mundan öň ýagşyň netijesinde Aşgabadyň kaşaň "Oguzkent" myhmanhanasyny suw alypdy. Käbir maglumatlara görä, şonda myhmanhananyň hatda ýokarky gatlaryndaky prezidentlik otaglaryna hem zyýan ýetipdir.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, ýagyş suwunyň ýygnanmagynyň sebäpleriniň biri Aşgabatda ýollaryň we binalaryň gurluşygynda tebigy şertleriň talaba laýyk hasaba alynmazlygy bilen bagly. Ýagyş suwuny ýygnaýan sistemasynyň hem ähli ýerde göz öňünde tutulmaýar.

Aşgabatda güýçli ýagyş ýagdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleriniň sözlerine görä, soňky birnäçe günlükde Aşgabadyň daşyndaky daglarda sil emele gelipdir. Hususan-da, geçen hepdede bolan sil zerarly ençeme giňişliklere zyýan ýetipdir. Sil barada jikme-jikler, şeýle-de ýagyşyň Aşgabadyň köp ýaşaýjyly etrapçalaryna ýetiren täsiri barada maglumatlar Azatlyk Radiosyna häzirlikçe elýeterli däl.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, döwlet mediasynda güýçli ýagyşlar barada ilata öňünden duýduryş berilmändir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG