Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obalara gelen sil hakynda dymlyp, Aşgabatda gelmedik sile sowalga gurulýar


Türkmenistan. Döwgala obasyna gelen sil.
Türkmenistan. Döwgala obasyna gelen sil.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde hünärmenleriň sil suwlarynyň öňüni almak maksady bilen geçiren barlaglarynyň netijeleri barada habar berlip, Aşgabadyň gapdalyndan sil sowalgasyny gurmak üçin hödürlenýän täze proýekt tassyk edildi.

Bu proýekt ýurduň Balkan we Ahal welaýatlarynyň käbir obalarynyň üstünden düşen sil netijesinde onlarça adamyň heläk bolmagynyň bir aý gowrak soňundan teklip edilýär. Emma hökümet mejlisinde golaýda gelen sil, obalaryň sil suwundan çeken zyýany, adam ýitgileri barada hiç bir zat aýdylmaýar.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň habar bermegine görä, hökümet maslahatynda türkmen paýtagtyny sil howpundan goramak ugrunda edilýän tagallalar, täze taýýarlanan proýekt baradahabar berilse-de, onuň çak edilýän bahasy agzalmaýar.

Aşgabadyň günorta bölegine sil suwlarynyň inmeginiň öňüni almak maksady bilen, Oba we suw hojalygy ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” instituty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri topogeodeziýa gözleg işlerini geçirip,degişli hasaplamalaryhem-de desganyň şekil taslamasyny taýýarlady diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berýär.

Täze taslama laýyklykda, Köpetdagyň eteginden we şäheriň uzaboýuna uzynlygy 33 kilometr bolan sil akabasyny gurmak, sil suwunyň akyp gelýän uly jarlaryny akaba birikdiriji desgalary, akabanyň awtomobil we demir ýollary bilen kesişýän ýerlerinde köprüleri bina etmek teklip edilýär.

“Sil suwunyň Garagum derýasyna düşmeginiň öňüni almak üçin göwrümi 15 million kubmetr bolan sil suwlaryny jemleýji aýratyn howdan gurlar” diýip, habarda aýdylýar we bu ýerde toplanan suwuň soň ekin meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanyljagy bellenilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow buteklipleri makullady, şol bir wagtda-da ol täze proýektiň tehniki taýdan düýpli barlanylmagyny, ekologiýa nukdaý nazaryndan hemmetaraplaýyn seljerilmegini talap etdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän has oňaýly durmuş gurşawynyň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda bolýan tebigy hadysalar, ýer yranmalary, sil gelmgi, aşa sowuk ýa yssy howa şertlerinde ilatyň çekýän zyýanlary barada adatça dymylýar. Bu awgust aýynyň ortalarynda Ahal welaýatynyň Baharly we Balkanyň Magtymguly, Serdar etraplarynyň käbir obalaryny güýçli sil basanda-da şeýle edildi.

10-njy awgustdaky tebigy hadysa baradaky ilkinji maglumatlar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wakadan bir-iki gün soň gowşan hem bolsa, onuň detallaryny diňe sentýabr aýynyň başlarynda tassyklatmak başartdy.

Sil suwy bilen gelen güýçli läbik akymy netijesinde has köp Baharly etrabynyň Nohur, Garawul, Döwgala, Akdepe, Hankäriz obalarynyň; Magtymguly etrabynyň Könekesir, Kürüjdeý, Aýydere obalarynyň; şeýle-de Serdar etrabynyň Hojagala, Çukur, Jejirs we Jenneşen (Jeňňelli) obalarynyň uly zyýan çekendigi aýdylýar.

Şeýle-de, sil netijesinde müňlerçe dowaryň heläk bolandygy, elektrik we gaz liniýalarynyň hem sandan çykandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna Döwgala obasyna gelen silden düşürilendigi aýdylýan wideo hem gelip gowuşdy. Ýazgyda siliň Aşgabadyň 70 km. demirgazygynda ýerleşýän obanyň köçelerinden akyp, mallary, hatda traktoryň üsti ýükli tirkewini hem agdaryp, äkidip barýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry ençeme çeşmesiniň tassyklamagyna görä, Baharly, Magtymguly we Serdar etraplaryna gelen sil netijesinde azyndan 30 adam heläk bolupdyr. Ýöne bu maglumaty resmi Aşgabat ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Ýerli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri awgust aýynyň başyndaky tebigy harasat barada öňünden, çagalar dynç alyş merkezleriniň ýerleşýändigi üçin, Arçabil etrabynyň käbir edaralaryna habar ýetiripdirler, emma ýerli ýaşaýjylara hiç hili duýduryş bermändiler.

Silden soň wakanyň bolan ýerine harby gullukdaky esgerler we ýerli edaralaryň işgärleri ýollanyp, olar esasan dereksiz ýiten adamlary gözläpdir.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan oba adamlary häkimiýetleriň tebigy hadysadan çekilen ýitgi üçin hiç hili maddy goldaw teklip etmändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG