Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Pompeo bilen duşuşdy


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşyp, özüniň ABŞ edýän resmi saparyny tamamlady.

Waşingtonda geçirilen gepleşikleriň dowamynda maslahat edilen meseleler barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmedi.

Mundan bir gün öň, Mirziýoýew ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşypdy. Ak Tamyň ýaýradan beýanatynda iki ýurduň arasynda “strategiki hyzmatdaşlygyň täze eýýamynyň başlandygy” mälim edilipdi.

Mirziýoýew Trampa Özbegistanda adam hukuklary meselesi babatynda häzire çenli gazanylan öňegidişlikleriň “yza tesdirilmejekdigini” aýdypdyr.

60 ýaşly Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurduny dünýä açmak we Kerimowyň alyp baran repressiw syýasatyndan uzaklaşmak ugrunda işläp başlady.

Mirziýoýewiň bu sapary Trampa strategiki taýdan möhüm ýerde ýerleşýän Özbegistan bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berdi.

Özbek prezidenti ABŞ-a soňky gezek 2002-nji ýylda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG