Hytaýyň Sinhua habar gullugy Pekin bilen Waşingtonyň islendik görünşdäki söwda jeňini terk edip, tarifler babatdaky haýbatlardan yza çekilmek barada ylalaşyga gelendigini habar berýär.
Sinhua 20-nji maýda Hytaýyň wise-premýeri Liu Heiň “Iki tarap ylalaşyga geldi, söwda söweşinde söweşilmez, şeýle-de olar bir-birine tarifleri ýokarlandyrmagy bes eder” diýendigini habar berdi.
Liu geçen hepde Hytaýyň Waşingtonda bolan ýokary derejeli delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi.
Ak tam we Hytaý 19-njy maýda Pekiniň ABŞ harytlaryny we hyzmatlaryny satyn almagyny düýpli artdyrmaga razy bolandygyny aýtdy, emma detallary açmakdan saklandy.
Ýöne muňa garamazdan, Waşingtonda bolan söwda gepleşikleriniň soňundan çap edilen bilelikdäki beýanatda taraplaryň iki ýurduň harytlaryna degişli milliardlarça dollara barabar tarif haýbatlaryny soňa goýýandygy ýa bes edýändigi görkezilmeýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hytaý harytlaryna 150 milliard dollar çemesinde tarif goýjakdygyny aýdyp haýbat atdy, ol munuň Pekiniň adalatsyz söwda praktikalaryna garşy görlen çäre boljakdygyny aýtdy. Bu ýagdaý iki ýurduň arasynda söwda urşunyň turmak aladasyny döretdi.