Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy Aşgabatda 22, Daşoguzda 23 manada ýetdi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene rekord derejelere ýetip, 22-nji maýda irden 1 amerikan dollary Aşgabatda 22 manada, Daşoguzda 23 manada barabar boldy diýip, Azatlygyň paýtagtdaky we ýurduň demirgazyk welaýatyndaky habarçylary aýdýarlar.

“Şu gün irden ors bazarynda (‘Gülüstan’ söwda merkezi) 1 amerikan dollaryny 22 manatdan hödürlediler. Çoganlydaky “Altyn Asyr’ bazarynda 1 amerikan dollary 21,5 manada barabar. Daşoguzda 1 amerikan dollary 23 manada ýetdi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň biri-birinden garaşsyz beýleki bir habarçysy paýtagtda dollaryň “gara bazardaky” söwdasynyň dürli-dürlidigini we onuň nyrhynyň 22 manada çenli ýetendigi barada gürrüňleriň bardygyny aýdyp, 22-nji maýda öýlän paýtagtyň ors bazarynda 1 amerikan dollarynyň ortaça 20,5 manada barabar bolandygyny tassyklady.

“Ors bazarynda dollar söwdasyny edýänleri tanaýanlar hem-de çenden özleri-de dollary alyp-satmaga gatnaşýanlaryň tassyk etmegine görä, şu gün Aşgabat wagty bilen günortan sagat 14:00 töweregi 1 amerikan dollaryny 20-20,2 manatdan satyp alypdyrlar, 20,4 - 20,5 manatdan hem satypdyrlar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, ol geçen ýekşenbe güni Aşgabadyň demirgazygyndaky “Altyn Asyr” bazarynda 1 amerikan dollarynyň 20 manat 20 teňňe we 20 manat 40 teňňe aralygynda satyn alnyp, ortaça 21 manatdan satylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Synçy Bugaýew dollar bilen bir hatarda, azyk we senagat harytlarynyň bahasynyň hem deňeçer gymmatlaýandygyna, olaryň arasynda, esasan, daşary ýurtlardan getirilen önümleriň agdyklyk edýändigine ünsi çekýär.

“Türkiýeden getirilen almalar bar. Mundan bäş-alty gün ozal, şolaryň 1 kilogramynyň bahasy 25-27 manat aralygyndady, häzirki wagtda 30-33 manada barabar boldy. Bazarlaryň ählisinde et hem gymmatlapdyr. Meselem, ‘Gülüstan’ söwda merkezinde etiň 1 kilogramy 18 manat diýen ýazgy bar, ýöne 23-25 manat aralygynda satýarlar. Şu gün iň arzan tüwiniň 1 kilogramynyň bahasy 15 manada ýetipdir. Soňky bir hepdäniň dowamynda onuň öňki nyrhynyň üstüne 3 manat münüpdir” diýip, Bugaýew ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha kynlaşýandygyny belleýär.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy ýatyrylany bäri onuň “gara bazardaky” bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär. Türkmenistanyň Merkezi banky bolsa, dollaryň resmi kursuny 3,5 manat möçberinde saklap galýar.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi hökümet maslahatlarynda ýurtdaky zähmet, pensiýa we talyp haklarynyň, şeýle-de kömek pullarynyň ýylda 10% köpeldilýändigi, ortaça aýlyk hakynyň 715 manada barabardygy aýdylsa-da, aýlyklaryň ilatyň durmuş zerurlyklaryny doly üpjün ederden pesdigini we şol sebäpli bazarlardaky gymmat harytlaryň hyrydarlarynyň-da o diýen köp däldigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar ilatyň ýaşaýyş minimumynyň ýa-da “bazar sebediniň” obada we şäherde näçä durýandygy barada mesele gozgalmaýandygyny belleýärler.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary ýurtda azyk we senagat harytlarynyň barha ýokarlanmagy netijesinde ösümlik ýagy, un, şeker ýaly gündelik harytlary döwlete degişli dükanlardan satyn almaga synanyşýan ýaşaýjylaryň sanynyň hem barha artýandygyny, ýöne bu dükanlarda-da haryt gytçylygynyň ýiti duýulýandygyny habar berýärler.

“Adamlar bu harytlary satyn almak üçin ir säherden nobata durýarlar. Nobatlardaky adamlaryň sany onlarça, käte ýüze golaýlaýar” diýip, habarçylarymyz aýdýarlar.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara we ýerli synçylaryň ençemesi ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG