Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Bilet tapdyrmaýan wagtynda uçarlarda boş ýer köp'


Türkmenistanyň halkara aeroporty, Aşgabat

Türkmenistanda tomus möwsüminiň başlanmagy bilen halkara reýslerine-de, içerki reýslere-de uçar petekleri tapdyrmaýar, gerek senesine ortaça üç aý öňünden satyn almaly, diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

"Kassalarda petek ýokdur. Emma uçarlara münseň bolsa, uçaryň içinde ýerleriň ýarysy diýen ýaly boş galýandyr" diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabatly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenabat - Aşgabat aralygyna her günde 3 sany uçar reýsiniň gatnaýandygyna seretmezden, uçara petek ýok.

"Türkmenabadyň 40 kilometr çemesi günorta - günbatarynda gurlan täze howa menziline 20 manat berip takside bardym. Ondan ýene-de Türkmenabada gaýtjak bolsam şonça ýol kireý tölemeli boljak. Onsoňam men eýýäm ýolagçy otlusyna petek tapman uçara münmekçi bolup bu ýere gelipdim, indi yzyma Türkmenabada gidenimde ol ýerde hem indiki güne-de petek boljagy gümana bolansoň alada galdym. Soňra özümiň Aşgabatda bir wezipe eýeläp oturan tanşyma telefon üsdi bilen jaň edenimden soň kassiryň özi meniň familiýamy aýdyp, meni ýolagçylar üçin oturylýan zaldan çagyryp, Aşgabada çenli petek berdi" diýip, ýolagçylaryň biri Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysyna gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bilet gytçylygyna garamazdan, ol uçara münende 15-den gowrak ýeriň boş durandygyna şaýat bolupdyr.

Türkmenabat - Aşgabat aralygynda gatnaýan uçara biletiň bahasy 98 manada durýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň aýtmaklaryna görä, uçarlara petek ýetmezçiligi diňe bir möwsümleýin zat bolman, ýylyň dowamynda hem "Türkmenhowaýollarynyň" kassalarynda petek satyn alaýmak ýeňil iş däl.

"Korrupsiýanyň we parahorlygyň ösmegi bilen adaty ýagdaýda hem uçarlara petek satyn aljak bolsaň tanyş-biliş tapyp, petegiň bahasynyň üstüne ýene-de şonçarak para bermeli bolýarsyň" diýip, ýene bir söhbetdeşimiz belledi we bilet gytçylygynyň ähli ugurlara, şol sanda Türkmenabat, Türkmenbaşy, Mary we Daşoguz şäherlerine gatnaýan uçarlara degişlidigini belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG