Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Telegramy petiklemek üçin Apple kompaniýasyndan ýardam sorady


Orsýetiň Telegram ulgamyny petiklemek boýunça kararyna garşy protest aksiýasy, Moskwa, 13-nji maý, 2018.
Orsýetiň Telegram ulgamyny petiklemek boýunça kararyna garşy protest aksiýasy, Moskwa, 13-nji maý, 2018.

Orsýetiň aragatnaşyk ulgamynyň dolandyryjysy ABŞ-nyň mobil telefon öndürijisi Apple kompaniýasyndan meşhur Telegram ulgamyny Orsýetde petiklemäge ýardam sorandygyny mälim etdi.

Roskomnadzoryň metbugat gullugynyň 28-nji maýda aýtmagyna görä, bu agentlik Apple hat ýollap, Telegram ulgamynyň Orsýetdäki ulanyjylaryna maglumat ýetirmek boýunça hyzmatyny petiklemek üçin ýardam sorapdyr.

Rozkomnadzor Telegramdan öz ulanyjylarynyň şahsy gepleşikleriniň elýeterli edilmegini talap edipdi, emma kompaniýa bu talapdan ýüz öwürensoň, bu ulgamy petiklemek boýunça suduň çykaran kararyny 16-njy aprelde berjaý edip başlapdy.

Şeýle-de, 28-nji maýda TASS habar agentligi Roskomnadzoryň Telegrama garşy gadagançylygy durmuşa geçirmek üçin amerikan tehnologiýa ägirdi Google bilen hem gepleşik geçirýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG