Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň nyrhy özüniň rekord derejesine ýetdi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene özüniň rekord derejesine ýetdi.

Читайте также на русском

“Şu gün günortandan başlap Aşgabatda ‘gara bazar’ söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 23 manat 20 teňňeden satyn alyp başladylar. Ýurduň welaýatlarynda bolsa, dollaryň satyn alyş nyrhy 23 manat 50 teňňä barabar boldy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz 28-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlygyň beýleki bir habarçysy 29-njy maýda paýtagtyň “Berkarar” söwda merkezinde 1 amerikan dollarynyň bahasynyň 25 manada çenli baryp ýetendigini habar berdi.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurtda dollaryň resmi söwdasy gadagan edileni bäri onuň “gara bazardaky” nyrhy barha ýokarlanyp, soňky iki ýarym ýylyň dowamynda resmi kursdan tas ýedi esse gymmatlady. Ýurtda dollaryň resmi kursy bolsa, 3,5 manat möçberinde saklanyp galýar.

Munuň bilen bit wagtda, ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we olaryň käbir görnüşleriniň gytalmagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň barha köp göze ilýändigini, Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.

Soňky hepdelerde azyk harytlarynyň tapdyrmaýan görnüşlerine Türkmenistanyň guş toplumlarynda öndürilen towuk etiniň hem goşulandygyny, 28-nji maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi. Mundan öň bolsa, daşary döwletlerden getirilýän towuk etleriniň hem satuwda tapdyrmaýandygy barada maglumatlar gowşupdy.

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda şekeriň, “Ahal” ýagynyň we unuň gytçylygy hem dowam edýär. Dükanlaryň öňündäki nobatlar gijeden diýen ýaly başlanýar. Nobatlaryň aşa köplügi sebäpli käte bu ýerde ýakalaşyklaryň hem bolýandygyny, geçen hepde Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary gürrüň berdiler.

Şekeriň 1 kilogramynyň bahasy hususy eýeçilikdäki dükanlarda 15 manatdan, döwlet dükanlarynda 9 manatdan satylýar.

Dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň ýokarlanmagynyň fonunda, ýurtda azyk harytlarynyň, esasan-da, daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň, şol sanda gök-bakja önümleriniň, çagalar üçin niýetlenen harytlaryň we dermanlaryň gymmatlamagy hem dowam edýär. Şu ýylyň başyndan bäri azyk we senagat harytlary ortaça 100%, dermanlar 300% gymmatlady.

Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan telekeçileriň ençemesi konwertasiýanyň çäklendirilmegi netijesinde özleriniň “gara bazarda” dollary resmi kursyň bahasyndan tas ýedi esse gymmada satyn alýandyklaryny, şol sebäpli harytlaryň bahasynyň her hepde-de gymmatlaýandygyny aýdýarlar.

Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistanda bankdan konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasyna, şeýle-de “Western Union” we “MoneyGram” arkaly daşary ýurda ugradyp bolýan puluň möçberine, import bilen meşgullanýan telekeçileriň Merkezi bank arkaly manady dollara öwürmek düzgünlerine ençeme tapgyr çäklendirme girizildi.

Bu aralykda, ýurduň demirgazyk welaýaty Daşoguzda “Garagum” bankynyň “Western Union” halkara tiz pul geçirim hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlara žeton paýlaş başlandygy barada habarlar peýda boldy.

“Žetonlar şu ýylyň oktýabr aýyndan dekabr aýy aralygy üçin berilýär. Şol žetonyň kömegi bilen türkmenistanlylar 100 amerikan dollaryny daşary ýurda iberip bilerler” diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri ýazýar.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara we ýerli synçylaryň ençemesi ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýar.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn ynamdar çeşmesi Türkmenistanyň Halkara walýuta fondundan kredit soraýandygyny, ýöne halkara maliýe edarasynyň beýleki çäreler bilen bir hatarda, resmi Aşgabada dollaryň manada bolan gatnaşygyny resmi derejede täzeden kesgitlemegi we manadyň hümmetsizlendirilmegini şert goşýandygyny habar beripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG