Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmenistan ýylda gaýtalaýan düzme galplygynda ýene bir ädim öňe ätledi


Aşgabatly okuwçylar
Aşgabatly okuwçylar

Türkmenistanyň umumy bilim mekdepleriniň gutardyş klas okuwçylary şu gün, 1-nji iýunda ir sagat 9-da klaslara girip, resmi ýagdaýda şu gün irden yglan edilen temalar boýunça düzme ýazdylar.

Emma Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen we düzmäniň ýazyljak güni telewideniýe arkaly yglan edilen temalaryň biriniň mugallymlara öňünden mälim bolandygyny habar berýärler.

“Ozal düzmeleriň temalary gazetde çap edildi, olaryň sany ýüzden geçýär. Şu gün irden, ýerli wagt bilen 8.45-de bolsa ýazylmaly düzmeleriň temalary telewideniýede yglan edildi, olaryň başyny “Beýik Ýüpek ýoly – Dostluk ýoly” diýen tema çekýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran magaryf işgäri Azatlyk bilen telefon gürrüňinde aýtdy.

Resmi habara görä, düzme üçin berilýän ikinji tema “Magtymgulynyň döredijiliginde garaşsyzlyk we parahatçylyk” diýlip atlandyrylsa, üçünji tema “Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romanynda gahrymançylygyň beýany” diýlip atlandyrylýar.

Bu okuwçylara berilýän üç temanyň ikisiniň döwlet baştutanynyň adyndan çap edilen kitaplar bilen bagly bolup çykandygyny görkezýär.

Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romany mundan öňki ýyllarda hem düzme temasy bolupdy we Azatlyk bilen gürleşen mugallymlar bu temadan ýazylan düzmeleriň mekdeplerde üýşüp ýatandygyny, üstesine okuwçylara prezidentiň kitaby hakynda öwgüli syn çap edilen gazetlerden peýdalanmaga hem rugsat berilýändigini, bu ýagdaýyň düzmede galplyga giň ýol açýandygyny belleýärler.

Mundanam başga, mugallymlaryň käbiri özleriniň hem şol galplyga göni gatnaşmaga mejbur bolýandygyny, sebäbi baha goýar ýaly düzme ýazyp bilýän okuwçynyň azdygyny aýdýar.

“Mekdeplerde okuw adatça 25-nji maýda gutarýar, emma bizi düzme sebäpli diňe 6-7-nji iýundan başlap zähmet rugsadyna goýberýärler, sebäbi biz düzmeleri barlap, täzeden düzme şekiline getirmeli we soňra okuwçylary mekdebe tapgyr-tapgyr çagyryp, iki günüň dowamynda öz taýýarlan düzmelerimizi täzeden göçürdip ýazdyrmaly” diýip, Aşgabatdaky mekdepleriň biriniň baýry mugallymy gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, bu okuwçylara hakykatda özleriniň alyp bilmejek ýokary bahalaryny goýmak üçin edilýär we ýylyň-ýylyna gaýtalanýan ýagdaý.

Ýöne bu ýyl, öňki ýyllardakydan tapawutlylykda, biri-birinden habarsyz birnäçe mugallymyň tassyklamagyna görä, düzme galplygynda ýene bir ädim öňe ädildi, ýagny okuwçylar düzme ýazmaly güne tas bir hepde öňünden, mugallymlaryň kömegi bilen ýazylan taýyn düzme bilen geldiler.

“Aşgabatly okuwçylar geçen hepdäniň aýagynda, şu hepdäniň başynda Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitaby esasynda, mugallymlaryň kömegi bilen, 1-nji iýunda yglan ediljek temalaryň birinden öňünden düzme ýazdylar, özem ol düzme mekdepleriň möhürleri basylan kagyza ýazylan” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran magaryf işgäri Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysyna 31-nji maýda aýtdy.

Ýerli synçylar Türkmenistanda mekdeplerde berilýän bilimiň derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny we bu meselede mugallymlaryň göz ýumýan galplyklary bilen bir hatarda bilimiň ideologiýalaşdyrylmagynyň hem kiçi-girim rol oýnamaýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä,mekdeplerde düzme, beýannama ýazdyrmak aslynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar we “eger özi ýazsa, okuwçy düzmesinde öz düşünjesini, durmuşa bolan garaýşyny beýan etmek mümkinçiligini alýar”.

“Emma häzir türkmen mekdeplerinde bolup geçýän zatlar adamlary özbaşdak pikirlenmekden hem, durmuş hakda özbaşdak netijä gelmekdenem mahrum etmek bolýar” diýip, ýazyjy Bugaýew düzmäniň daşyndaky gürrüňler barada pikiri soralanda aýtdy.

XS
SM
MD
LG