Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady kynçylyklaryň fonunda Berdimuhamedow amerikan işewüri bilen özara hyzmatdaşlygy maslahat etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, 6-njy iýunda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen lideri we amerikan işewüri “ABŞ-nyň işewür toparlarynyň dürli pudaklardaky bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan mümkinçiliklerine garadylar”.

“Ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, sport, syýahatçylyk, oba hojalyk, gaýtadan işleýän senagat ulgamlarynda ägirt uly mümkinçilikler bar. Ulag-logistika ulgamy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi” diýlip, resmi habarda “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň 2008-nji ýylda döredilendigi hem bellenilýär.

Resmi habara görä, 2018-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da­ Türk­me­nis­tan­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­­my ba­ha­sy 2 mil­liard 573,43 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry we 300 müň ýewro bo­lan tas­la­ma­la­ryň 156-sy bel­li­ge alyn­dy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurtdaky iri gurluşyk taslamalary boýunça türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşan käbir daşary ýurtly kompaniýalaryň hökümetiň tölege ukypsyzlygy sebäpli özlerine tabşyrylan gurluşyklara henizem girişip bilmeýändigi habar berilýär.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Bouygues Batiment International kompaniýasy we beýleki käbir türk kompaniýalary özlerine ynanylan gurluşyklarda säginýärler. Sebäbi bu kompaniýalara ynanylan taslamalaryň umumy töleginiň hatda 10 %-i hem geçirilmedi. Şertnama laýyklykda, tölegiň azyndan 20-30%-i öňünden gurluşygy ýerine ýetirýän firma geçirilmeli.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG