Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Aşgabatda Welosiped gününiň ýädygärligini döretmegi teklip edýär


Tigirli ýörişe gatnaşyjylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligi oturtmagy teklip etdi.

Berdimuhamedow hökümet mejlisinde çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Aşgabadyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky karary kabul edendigini we Türkmenistanyň 3-nji iýunda “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak” berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini belledi.

TDH Aşgabatdaky täze ýadygärligiň şu senäni ebedileşdirmek maksady bilen teklip edilendigini habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyylyň 3-nji iýunynda açylmaly ýadygärligiň taslamasyny taýýarlamak we oturdyljak ýerini kesgitlemek boýunça topar döretmek tabşyryldy.

Mundan öň Türkmenistanda, Aşgabatda geçen 5-nji Aziýa oýunlary bilen baglylykda, bu oýunlaryň simwoly bolan türkmen alabaýynyň – Wepalynyň hem ýadygärligi dikilipdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG