Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gulag muzeýi Moskwanyň möhüm türme dokumentlerini ýok etmegi buýrandygyny aýdýar


Gulag türmelerindäki iş wagty
Gulag türmelerindäki iş wagty

Orsýetiň Gulag taryhy muzeýi bir ylmy barlagçynyň Moskwanyň 2014-nji ýylda sowet döwrüniň türmeleri barada saklanyp galan soňky dokumentleriň käbirini ýok etmek hakynda beren gizlin görkezmesini tapandygyny aýdýar, bu çäre taryhçylar üçin “häläkçilikli” diýlip häsiýetlendirildi.

Rus ylmy barlagçysy Sergeý Prudowskiý tarapyndan tapylan, internetde ýerleşdirilen we Mowkwa muzeýine berlen subutnama taryhçylary uly howsala saldy we Orsýetiň adam hukuklary guramasynyň hem bu meselä goşulmagyna getirdi diýip, media 8-nji iýunda habar berdi.

Sowet döwrüniň elhenç türme ulgamyna, Gulag ady bilen taryha giren tussag lagerlerine 1930-njy, 1940-njy ýyllarda 17 million adam iberildi we olaryň azyndan 5 milliony galp görkezmeler esasynda günäli tapyldy.

Zähmet düzediş lagerlerinde saklanylýan tussaglaryň sany kähalatlarda 2 million adama çenli baryp ýetýärdi.

Gulag tussaglarynyň iş kagyzlary köplenç ýok edilýärdi, emma olaryň şahsy maglumatlary hasaba alyş belgilerinde durýardy we bu maglumatlar şindi hem polisiýanyň, aňtaw gulluklarynyň garamagynda saklanyp galýar.

Gulag tussagynyň hasaba alyş kagyzy
Gulag tussagynyň hasaba alyş kagyzy

Muzeýiň aýtmagyna görä, täze üsti açylan gizlin buýruk rus resmileriniň bu agentliklere 2014-nji ýylda 80 ýaşa ýeten tussaglaryň, ýagny indi olaryň ählisiniň hasaba alyş belgilerini ýok etmegi tabşyrandygyny görkezýär.

PrudowskiýAFP habar gullugyna bu gizlin buýrugy Uzak Gündogardaky Magadanyň häkimiýetleri bilen habarlaşanda tapandygyny gürrüň berdi. Sowet tussaglary bir zaman Magadanda altyn käninde işledilýärdi we indi olaryň hasaba alyş ýazgylary 2014-nji ýylda berlen “resmi buýruk” esasynda ýok edilipdir diýip, Prudowskiý aýtdy.

"Men bu ýazgylaryň ýok edilendigini tötänden bildim” diýip, Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky türmeleri öwrenmek bilen meşgullanýan alym sözüniň üstüni ýetirdi.

"Men talap arzasyny berdim. Sebäbi bir tussagyň ykbaly bilen gyzyklanýardym, onuň türmeden aman galyp-galmanyny anyklajak bolýardym. Şeýlelikde, men içerki tertipde ulanmak üçin berlen buýrugyň bardygyny bildim” diýip, ol aýtdy.

Prudowskiniň feýsbukda ýerleşdiren maglumatyna ýerli Içeri işle ministrliginiň beren jogabynda tussaglaryň hasaba alyş kartlarynyň 2014-nji ýylda ministrlige, FSB howpsuzlyk agentligine, şeýle-de sowet döwrüniň beýleki arhiwlerine berlen buýruk esasynda, diňe çäklendirilen bir döwre çenli saklanylýandygy aýdylýar.

Tussaglaryň hasaba alyş kartlarynda tussagyň haçan türmä girendigi, soň haýsy türmä geçirilendigi we ahyrynda oňa näme bolandygy, ýagny onuň türmede ölendigi ýa-da ol ýerden azat edilendigi ýazylyp görkezilýär diýip, alym aýtdy.

Rus häkimiýetler prezident Wladimir Putiniň dolandyryşy astynda Sowet döwründe millionlarça adamyň, şol sanda Gulag lagerlerine iberilen syýasy dissdientleriňelhenç türme şertlerinde saklanmagyny kiçeldip, ähmiýetini peseldip görkezmäge çalyşdylar.

Olar hususan-da sowet ýolbaşçysy Iosif Staliniň terroryny, diktatoryň millionlap adamy öldürmegini we sürgün etmegini kiçeldip görkezip, muňa derek Stalini täze ykdysadyýet döreden, Sowet Soýuzynyň II Jahan urşunda ýeňiş gzanamgyna kömek eden şahsyýet hökmünde götergilediler.

Prudowskiý Içeri işler ministrliginden alan hatyny Gulag muzeýine berendigini we soňra Prezidentiň ýanyndaky hukuk geňeşi, Kremle maslahat berýän täsirli gurama bilen bilen habarlaşandygyny ýtdy.

Bu geňeşiň başlygy Mihail FedotowRIA Novosti habar gullugyna tussaglaryň hasaba alyş kartlarynyň ýok edilmeginiň “wagşylyk” boljakdygyny aýtdy we häzirki ýagdaýda munuň bir ýalňyşyk bolan bolmagynyň ahmaldygyna umyt baglady. Şeýle-de bu meseläni resmileriň öňünde gozgamagy wada berdi.

"Biz möhüm taryhy maglumatlary özünde jemleýän arhiw ýazgylaryny hemişe gorap saklarys” diýip, Fedetow soňra Interfax habar gullugyna aýtdy.

"Bu örän wajyp, sebäbi taryhyň galplaşdyrylmagyna garşy durýar” diýip, ol aýtdy. “Haçanda eleýetrde dokument bolanda, galplaşdyrmak tasdan mümkin däl. Eger ol ýerde dokument bolmasa, islendik toslama toslanyp biler. Şu sebäpden, mümkin bolsa, ol döwrüň dokumentleriniň ählisini gorap saklamaly” diýip, ol aýtdy.

Bu habar Orsýetiň taryhçylaryndan başga adamlarda hem gahar-gazap döretdi.

Milletçi Liberal Demokratik partiýanyň lideri Wladimir Žirinowskiý 8-nji iýunda sosial mediada “taryhy arhiwleriň jemgyýetçilik üçin açylmalydygyny, ýok edilmeli däldigini”, sebäbi orsýetlileriň öz geçmişleri baradaky hakykaty bilmelidiklerini nygtady.

(GULAG - rus dilinde "Glawnoýe Uprawleniýe Lagereý" - "Lagerleriň baş müdirligi" diýen aňlatmanyň gysgaldylan görnüşi, redaksiýanyň belligi)

XS
SM
MD
LG