Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 611 tussagyň günäsi geçildi


Türkmenistanyň türmesi (arhiw suraty)
Türkmenistanyň türmesi (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti musulmanlaryň dini baýramçylygy Gadyr gijesi mynasybetli 611 adamyň günäsini geçdi.

Resmi medianyň 8-nji iýunda çap eden maglumatynda günä geçişligiň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda geçirilýändigi bellendi. Türkmenistanda ýylyň dowamynda birnäçe gezek, baýramçylyklara gabatlap, günä geçişleri yglan etmek düzgüni ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamdowyň häkimiýet başyna geçensoň 2007-nji ýylda esaslandyrylypdy.

Geçen ýylda Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanda häzirkiden iki esse köp adam, 1029 adam tussaglykdan goýberilipdi.

Adatça bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilen tussaglaryň ady, ýaşy we ýurduň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda tussaglyga höküm edilendigi we jeza möhletleti barada maglumat berilmeýär.

Günä geçişlerde adatça syýasy tussaglar boşadylmaýar.

XS
SM
MD
LG