Orsýetde geçýän 21-nji Dünýä futbol çempionaty 14-nji iýunda, öý eýeleriniň Moskwada, täzelenen 80 müň orunlyk Lužniki stadionynda Saud Arabystanyna garşy oýnamagy bilen başlanar.
Ýaryş ýerli wagt bilen öýlän sagat 6-da, rus prezidenti Wladimir Putiniň we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda gurnalan açylyş dabarasyndan soň başlanar.
Ýaryşlar bir aýdan gowrak wagt dowam eder we soňky oýun hem şol bir stadionda, 15-nji iýulda oýnalar.
Fotbol ýaryşlaryna 32 komanda, şol sanda 32 günde 64 oýunda bäsleşmeli Germaniýa hem gatnaşar. Oýunlar 11 şäherde, 2,900 kilometr çäkdäki 21 stadionda oýnalar.
Resmileriň beren maglumatlaryna görä, Orsýet Dünýä futbol çempionatyny, beýleki sport çärelerine garanda has kän tomaşaçy çekýän futbol ýaryşlaryny gurnamak üçin 13 milliard dollar çemesi serişde harçlaýar.