Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler günäsi geçilen bendilere birnäçe ýyllap ‘ýazykly’ garaýar


Köneürgençde batgaly ýola seredýän bir adam
Köneürgençde batgaly ýola seredýän bir adam

Türkmenistanda döwlet derejesinde günäsi geçilip tussaglykdan boşadylan bendileriň azatlykda işsiz kösenýändigini, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlykda atsyz çykyş edýän habarçymyz 14-nji iýunda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurt baştutany derejesinde günäsi geçilen bendileriň iş bilen üpjün edilmegi boýunça degişli resmilere tabşyryk berilse-de, ýokardan berlen görkezmeler iş ýüzünde durmuşa geçirilmeýär.

“Azatlyga çykan raýatlary prezident il hatary bolar ýaly, iş bilen üpjün etmek barada degişli organ işgärlerine we ýerlerdäki häkimlere tabşyryk berýär emma prezidentiň dilden beren tabşyryklary Daşoguzda ýöremeýär” diýip, habarçy türmeden boşan raýatlaryň dogan-garyndaşlaryna salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler türmeden boşan bendileriň iş üpjünçiligine ýardam bermekden geçen, hatda olaryň döwlet edarasynda işleýän dogan-garyndaşlaryny-da işden boşatmak üçin tagalla edýärler.

“Iş bilen üpjün etmek beýlede dursun, etraplardaky emeldarlar we güýç gulluklary dogan-garyndaşlary türmä düşen adamlary olaryň ýakynlarynyň jogapkärçilige çekilendigini bahanalap, işden boşadýarlar. Olaryň işe girmekçi bolýan dogan-garyndaşlaryny asla-da işe almaýarlar” diýip, habarçy belledi.

“Bir adam maşgalada türmä düşen bolsa, şol maşgalanyň üç arka nesli “garandonly” edilip, döwlete degişli hiç bir býujet edarasynda işe alynmaýar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

5 ýyl mundan ozal günäsi geçilen bir türkmenistanly raýatyň iş meselesinde duçar bolan kynçylyklary barada gürrüňe dowam eden habarçy, azatlyga çykan öňki bendiniň geçen döwrüň dowamynda iş bilen üpjün edilmändigini anyk mysallara salgylanyp gürrüň berdi.

“Ýylanlynyň etrap merkezinde ýaşaýan Şawkadyň (howpsuzlyk sebäpli ady üýtgedildi – red.) türmeden boşandygyna 5 ýyldanam köp wagt geçen-de bolsa, etrabyň polisiýa işgärleri oňa “ala göz” bilen seredýärler. Ol welaýatyň çäginde edilen haýsydyr bir jenaýat işi üçin özüniň soraga çekilip, haýbat atylýandygyny aýdyp şikaýat edýär” diýip, habarçy Şawkat bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp, gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy Şawkatyň iş gözleginde häkimiýetler bilen geçiren duşuşygynda bolan wakalar barada gürrüň berdi.

Şawkat häkimiýetlerden iş sorap, olara arza bilen ýüz tutanynda degişli häkimligiň jogapkär wekili onuň üstüne gyryp, haýbat atýar. Hatda Şawkata hut agzalýan arzasy sebäpli duzak gurlup, 30 gije-güniz deslapky tussaghana ugradylýar.

“Şawkat prezidentiň azalyga çykan köne bendileriň iş üpjünçiligi boýunça häkimiýetlere beren tabşyryklaryna arkaýyn bolup, häkimlige iş sorap, arz edýär. “Maňa iň bolmanda “ýarym stawka” iş beriň, diýip ol häkimlikden soraýar. Degişli häkimligiň işgärleri, iş bilen üpjün etmek beýlede dursun, hatda onuň üstüne gygyryp: “Entek türmä düşmedik arassa adamlarymyza iş tapylanok, sen dagy näme?” diýýärler.

Agzalýan gürrüňdeşlikden soň, etrabyň polisiýasy ony, hamana, bir aýal maşgalany paýyş söz bilen kemsitmekde aýyplap 30 gije-gündiz deslapky tussaglykda saklaýar.

Şeýle-de habarçynyň maglumatlaryna görä, türmeden boşanlar 2 ýylyň dowamynda hepdede 2 sapar ýaşaýan ýerlerindäki polisiýa bölümlerde geçirilýän ýygnaklara gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň habarçysy günäsi geçilip azatlyga goýberilýän adamlaryň ýakyn dogan-garyndaşlaryna salgylanyp beren maglumatynda, günä geçişlik bilen bagly ýüze çykýan parahorluk barada-da habar berdi.

“Gadyr gijesi mynasybetli, şeýle-de beýleki baýramçylyklarda ýüzlerçe iş kesilen tussaglaryň günäsi geçilip, öýlerine ugradylýar. Indi bu günä geçişlik üçin 5 müň dollar möçberinde para soralýar” diýip, Azatlygyň habarçysy sözüni jemledi.

Degişli resmiler öňe sürülýän ýagdaýlar boýunça kommentariýa bermeýärler, ýöne ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdelerinde günäsi geçilýänleri iş bilen üpjün etmek barada prezidentiň berýän tabşyryklary yzygiderli gaýtalanýar.

XS
SM
MD
LG