ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi we Günorta Aziýa boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary Hawiýer Piýedra Merkezi Aziýa ilkinji iş saparynyň çäginde Türkmenistana geldi diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.
Ilçihananyň saýtynyň maglumatyna görä, Pýedra USAID-iň taslamalarynyň Türkmenistana maýa goýum klimatyny berkitmekde we hususy pudaga ýardam bermekde näderejede peýdalydygyny iş ýüzünde görmek üçin Türkmenabada we Aşgabada geldi.
Pýedra Türkmenabatda telekeçiler topary bilen duşuşsa, Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň açyk howpsuzlygy baradaky barlaghanasyna baryp gördi.
Bu barlaghana USAID-iň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan döredildi.
Şeýle-de ol USAID-iň berýän ýardamy we ýurtdaky hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşmak üçin hökümet resmileri bilen duşuşdy.
USAID Türkmenistanadaky işine 1992-nji ýylda ykdysady ösüş programmalaryna goldaw bermekden başlady.