Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň oppozision dalaşgäri öz tarapdarlaryna türmeden ýüzlendi


Selahattin Demirtas, Stambul, 17-nji iýun, 2018
Selahattin Demirtas, Stambul, 17-nji iýun, 2018

Türkiýeli kürt syýasatçysy prezidentlik saýlawlarynyň bir hepde öňüsyrasynda öz tarapdarlaryna ýüzlenmesini türmeden etdi.

Selahattin Demirtas Türkiýäniň TRT döwlet telewideniýesinde 17-nji iýunda görkezilen 10 minutlyk çykyşynda “repressiw režimi” ýazgardy.

Kanuna görä, her bir dalaşgärä milli telewideniýede 20 minut berilýär.

Türkiýäniň Halk demokratik partiýasynyň (HDP) öňki egindeş lideri Demirtas ýurtda gadagan edilen kürt söweşijileri bilen gatnaşykda aýyplanyp, 2016-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri tussaglykda saklanýar.

Halk demokratik partiýasy islendik bikanun hereketlere gatnaşygyny ret edýär we özüne edilýän gysyşlary oppozisiýa garşy basyş diýip atlandyrýar.

Prezident Erdogan ýurduň parlament we prezidentlik saýlawlarynyň 24-nji iýunda we planlaşdyrylyşyndan bir ýyldan gowrak öň geçiriljegini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG