Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçileriň konwertasiýa mümkinçilikleri 7%-e çenli ‘artdyryldy’


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

Türkmenistanyň banklarynda daşary ýurtdan harytlary import edýän telekeçileriň türkmen manadyny dollara konwertasiýa edip bilýän pul serişdesiniň möçberi artdyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosyna türkmen telekeçileriniň birnäçesi habar berdi.

Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, iýun aýynyň başynda türkmen banklary daşary ýurtlardan harytlary getirmäge ýörite rugsatnamasy bolan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza firmalara mundan beýläk her aý eden çykdajylarynyň öňküsi ýaly 2%-niň däl-de, 7%-niň daşary ýurt walýutasyna çalşyrylyp beriljekdigini mälim etdiler.

“Geçen hepdäniň anna güni şeýle firma eýeleriniň iki sanysy şu habaryň dogrudanam çyn bolup çykandygyny, özleriniň maý aýynda eden çykdajylarynyň 7%-niň konwertasiýa edilip, ýurduň daşyndan haryt alnan daşary ýurt firmasynyň hasaplaşyk şýodyna geçirilendigi hakynda bankdan ýörite resmi güwänama, ýagny şonuň geçirilendigini tassyk edýän haty beripdirler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Bugaýew şeýle ýeňillikleriň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky ýaly dürli banklar tarapyndan amala aşyrylandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, türkmen telekeçileri konwertasiýa etmek düzgünleriniň öňküsi ýaly saklanyp galýandygyny, ýagny gürrüňi edilýän pul serişdesiniň özlerine nagt görnüşinde çalşyrylyp berilmeýändigini, onuň gönüden-göni harytlary ugradan daşary ýurt firmasynyň bank hasabyna iberilýändigini bellediler.

Galyberse-de, olar şeýle ýeňilligiň ýurduň daşyndan diňe azyk harytlaryny import edýän hususy firmalar üçin döredilendigini, olaryň sanynyň 20-den geçmeýändigini, şeýle-de munuň haçana çenli dowam etjekdigi barada hem hiç hili anyk maglumat berilmeýändigini aýtdylar.

“Senagat we gurluşyk ýaly beýleki harytlary getirýän hususy firmalaryň resmi kurs esasynda türkmen manadyny dollara konwertasiýa edip bilýän pul serişdesiniň mukdary olaryň aýlyk çykdajylarynyň 2%-ni möçberinde saklanyp galýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly hususy firma eýesi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky bilen habarlaşanda, bu ýerdäki jogapkär işgärler bu mesele boýunça diňe resminamasy bar bolan hususy firma eýelerine ýa-da işgärlerine maglumat berilýändigini aýdyp, kommentariý bermekden saklandylar.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky resmi kurs boýunça raýatlara dollaryň nagt satuwyny bes etdi we onuň nagt däl söwdasyna hem ençeme tapgyr çäklendirmeleri girizdi. Şeýle-de, telekeçileriň türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalyşmak mümkinçilikleri hem olaryň her aý daşary ýurtdan getirýän harytlarynyň umumy bahasynyň 2%-ne çenli çäklendirilipdi.

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Merkezi banky 1 amerikan dollarynyň bahasyny 3,5 manat möçberinde saklap galýar we dollaryň “gara bazardaky” nyrhy bolsa, yzygiderli gymmatlaýar.

Emma azyk harytlaryny import edýän telekçilere konwertasiýa ýeňillikleri döredilen mahaly, ýurduň “gara bazarlarynda” birbada 29 manada çenli gymmmatlan dollar şu günki gün 14 manada çenli arzanlady.

Synçy Bugaýew 18-nji iýunda Aşgabadyň dollar söwdegärleriniň 1 amerikan dollaryny 14 manatdan satyn alýandygyny, ýöne ony 20 manada satyn aljak müşderi tapylsa-da, dollary satmakdan saklanýandyklaryny gürrüň berdi.

“Dollar söwdegärleriniň ençemesi bu arzanlamany telekeçilere döredilen konwertasiýa ýeňillikleri bilen baglanyşdyrýarlar. Sebäbi olar dollar satyn alýan adamlaryň sanynyň birneme azalandygyny aýdýarlar. Ýöne olar konwertasiýanyň ýene çäklendiriljekdigi baradaky myş-myşlara ünsi çekip, dollara bolan talabyň artjakdygyny we şol sebäpli özlerininiň ony gymmat bahadan satmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýdýarlar” diýip, Bugaýew belledi.

Şol bir wagtyň özünde, bazarlarda harytlaryň bahasynyň öňküsi ýaly gymmatlygyna saklanyp galýandygyny, un, şeker we ösümlik ýagy ýaly käbir azyk harytlarynyň gytçylygynyň-da dowam edýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG