Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň bahasy ýene 20 manatdan aşdy; Gara bazar söwdegärlerine gözegçilik güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň “gara bazarynda” dollar söwdasyny edýän söwdegärleriň arasynda dollary satyn almakda we satmakda ätiýaçly ýagdýayň emele gelendigini, sebäbi häzirki wagt olara edilýän gözegçiligiň güýçlendirilendigini, Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.

19-njy iýunda paýtagtyň “gara bazarlarynda” söwdegärler 1 amerikan dollaryny 18 manatdan satyn alsalar-da, ony satmakdan saklanýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň demirgazyk welaýaty Daşoguzda dollaryň bahasynyň ýene 20 manadyň ýokarsyna çykyp, 21 manada barabar bolandygyny, bu welaýatdaky çeşmelerimiz habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, soňky günlerde dollar söwdasynyň durgunlaşmagyna il arasynda “dollaryň uly möçberde gara söwdasyny edýän adamlaryň tussag edilendigi” barada ýaýran gürrüňler sebäp boldy.

“Döwlet tarapyndan aç-açan yglan edilmese-de, döwletiň bankyndan uly opurlyşyk edip, pylança adamyň pylança dollar bilen tutulandygy barada il ortalaýyn gürrüň edilmese-de, käbir ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň, özem şolaryň arasynda güýç gullukaryň ofiserleriiň hem atlary geçýär, öýünden 17-27 million dollar aralygynda puluň çykandygy hakynda gürrüň edilýär. Häzirki wagtda dollary stayn almaga ýa-da satmaga çekinilýän ýagdaýynyň biri hem, şol wakalar bilen baglylykda adamlary yzarlaýarlar” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere ýakyndan syn edýän Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda söwdegärler göze ilmezlik üçin dollary ne satyn alýarlar, ne-de satýarlar. Ýöne olaryň arasynda örän seýrek bolsa-da, 1 amerikan dollaryny 18 manatdan satyn alýanlar hem bar.

Şeýle-de, Bugaýew paýtagtda kimiň dollaryň “gara söwdasyny” edip, kimleriň araçydygy we ony kimleriň öýünde satýandygy barada öňünden hem bilinýändigini, ýöne munuň bilinmezlige salnandygyny, sebäbi bu söwda gözegçilik etmeli güýç gullugynyň işgärleriniň söwdegärler bilen bilelikde işleşendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Mundanam başga, gözegçiligiň güýçlendirilmegi netijesinde, paýtagtly käbir dollar söwdegärleriniň wagtlaýyn şäherden daşlaşýandygyny, olaryň arasynda beýleki welaýatlardaky dogan-garyndaşlarynyň öýüne gezelenje, toýa ýa-da ýasa diýip gidenleriň hem bardygyny, Bugaýew ownuk dollar söwdegärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Ýatlasak, 4-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň demirgazygynda “gara bazarda” 1 dollaryň bahasynyň 29 manada ýeten güni, paýtagtda bu nyrhyň tas 25-e golaýlandygyny habar beripdiler. Emma 12-nji iýundan başlap, ýurtda dollaryň nyrhy pese gaçyp başlady.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ne dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň ýokarlanmagy ýa-da pese gaçmagy, ne-de ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada ilat köpçüligne maglumat berýärler.

2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursuny 3,5 manat möçberinde saklap gelýär.

Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan halkara synçylar häzirki wagt ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, halkara ekspertleri ýurtda ýyllyk inflýasiýanyň aşa galandygyny hem belleýärler.

Jon Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki türkmen manadynyň hümmetsizlenmeginiň ýyllyk görkezijisini çap edip, Türkmenistanda ýyllyk inflýasiýanyň derejesiniň 294 %-e baryp ýetendigini we onuň ýokary galan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde ikinji ýerde durýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG