Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä çempionatynda aýallary, geýleri kemsiden janköýerleriň komandalaryna jerime salyndy


Kolumbiýaly hüjümçi Falcao (O) we kolumbiýaly goragçy Oscar Murillo (ýokardan ortada) ýapon goragçysy Ýuto Nagatomodan (Ç) geçen pökgini süsýär.
Kolumbiýaly hüjümçi Falcao (O) we kolumbiýaly goragçy Oscar Murillo (ýokardan ortada) ýapon goragçysy Ýuto Nagatomodan (Ç) geçen pökgini süsýär.

Dünýä futbol çemponatynda öz janköýerleriniň arasynda aýallary, geýleri we beýleki azlyklary kemsidýänleriň we masgaralaýanlaryň sanynyň barha artmagy bilen baglylykda Meksikonyň we Serbiýanyň futbol komandalaryna ilkinjileriň hatarynda jerime salyndy.

Dünýä futbolunyň dolandyryjy edarasy bolan FIFA 20-nji iýunda, janköýerleriniň öz komandalarynyň Kosta Rika bilen oýun mahalynda Ikinji Jahan urşy döwrüniň “masgaralaýjy we syýasy” şygaryny galdyrandygy üçin Serbiýanyň klubyna $10,400 jerime saldy.

FIFA Orsýetde geçirilýän oýunlarda adamlaryň özlerini alyp barşyna gözegçilik etmek üçin diskriminasiýa garşy ekspertleri ulanýandygyny aýtdy, emma gürrüňi edilýän şygarda näme diýilýändigini aýdyňlaşdyrmady.

Emma media habarlarynda bu problemanyň sag-ganat serb milletçileriniň öňki oýunlarda çykaran hokgalaryna çalymdaşydygy aýdylýar.

Meksikanyň komandasyna bolsa janköýerleriniň german derwezeçisi Manuel Neueri utandyrjak bolup gygyrýan “kemsidiji we masgaralaýjy” sözleri üçin jerime salyndy.

Erkek seks işçisini aňladýan we geýler barada ulanylýan ispan şiwe sözi latyn amerikaly janköýerleriň arasynda juda meşhur bolup, FIFA-nyň Dünýä futbol çempionatynyň kwalifikasiýa oýunlarynda latyn futbol federasiýalarynyň birnäçesine jerime salmagyna alyp geldi

Meksikan hüjümçisi Hawiýer (Javier) Hernandez instragram arkaly öz ýurdunyň janköýerlerine masgaralaýjy gykylyklaryny bes etmeklerini sorap ýüz tutdy. “Geliň, ýene bir sanksiýa töwekgelligine ýüz urmalyň!” diýip, ol aýtdy.

Kolumbiýanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtly aýallary kiçeltmek bilen bagly gelşiksiz we sosial mediada gahar-gazap döreden hadysalardan soň, janköýerleri özlerini gowulykda tanatmaga çagyrdy.

Internetde çap edilen wideolarda kolumbiýaly, meksikaly we braziliýaly janköýerleriň ýaponiýaly we başga ýerli janköýer aýallardanispan we portugal dillerinde aýallary kemsidýän sözleri aýtmagy ýa gygyrmagy haýyş edýärler.

Bu hili boluşlar diňe aýallary kiçeltmeýär, eýsem beýleki medeniýetleri, biziň dilimizi we biziň ýurdumyzy hemhem masgaralýar” diýip, Kolumbiýanyň ministrligi twitterde ýazdy.

Braziliýanyň sport ministri Leandro Kruz Moskwada žurnalistlere ol erkekleriň “Braziliýa ägirt uly ýaramaz hyzmat görkezýändigini” aýtdy.

Braziliň aýallaryň hukuklary boýunça milli geňeşi bu gylygyň “Brazilde we dünýäde köp aýalyň ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýan fiziki, dil, psihologik we ahlak agressiýasy reallygynyň subutnamasydygyny” aýtdy.

Internetde goýlan başga bir wideoda bolsa, kolumbiýaly janköýerleriň oýun wagtynda stadiona gaçak usulda alkogolly içgileri geçirişleri görkezilýär. Bu hem FIFA, hem Orsýet tarapyndan gadagan edilen zat bolup durýar.

Wideolarda bu iş edýän wagtynda ýazgy edilen we iş berijileri tarapyndan tanalan erkekleriň birnäçesi öz boluşlary sebäpli işden boşadyldy diýip, media habar berdi.

Orsýetdäki Dünýä futbol çempionatyna 11 müňden gowrak kolumbiýaly janköýer geldi we olaryň aglaba köplügi özüni gowy alyp barýar diýip, häkimiýetler aýtdylar.

XS
SM
MD
LG