Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boş galan ýerlere şaly eken daýhanalara temmi berilýär, olaryň ekinleri guradylýar


Illýutrasiýa suraty
Illýutrasiýa suraty

Daşogzuň häkimiýetleri boş galan mellek ýerlerine şaly eken daýhanlaryň ekin meýdanlaryna reýd geçirip, olara pul jerimesini salýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiziň tassyklamagyna görä, şu ýyl gurak gelendigi sebäpli göz öňünde tutan hasylyny alyp bilmedik daýhanlar öz maşgalasyna goşmaça girdeji bolar diýen niýet bilen, boş ýatan mellek ýerlerine şaly ekýärler. Emma olaryň bu arzuwlary uzaga çekmeýär.

“Daşoguzlylar ýaplara suw gijigip gelendigi sebäpli gapysyndaky hususy melleklerine gök-bakja we däneli ekinleri hem ekip ýetişmediler. Ekin eken hojalyklaryň hem tas ählisiniň ekinlerini araky duzly tupan guratdy. Häzirki gymmatçylykdan çykalga bolar, maşgalamyza kömek bolar diýen niýet bilen, ýaplaryň golaý-goltumynda ýa-da gapysynda bir garyş ýeri bar adamlar goňşulary bilen maslahatlaşyp, boş galan mellek ýerlerine şaly ekdiler. Emma olaryň bu ýagşy niýetleri, arzuwlary uzaga çekmedi. 12-nji iýunda Boldumsaz, Akdepe, Ýylanly etrap häkimlikleriniň we prokuraturalarynyň işgärleri şaly ekilen bu ýerlere reýdleri geçirip, daýhanlara pul jerimesini salyp başladylar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, etrap häkimlikleriniň we prokuraturalarynyň işgärleri şaly eken daýhanlara jerimäni 1-nji iýula çenli tölemegi tabşyryp, olaryň mellek ýerlerine barýan suwuň sakasyny buldozer tehnikasy bilen gömýärler we ekinlerini guradýarlar.

“Raýatlara her 10 sotka, ýagny 1000 m2 ýer üçin 10 müňden 20 müň manada çenli jerime saldylar. Jerimäni wagtynda tölemedik raýatlaryň işini suda geçirip, mejbury töledýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Söhbetdeşimiz ýerli ýaşaýjylara we daýhanlara salgylanyp, bu reýdleriň welaýatda emele gelen suw gytçylygy sebäpli, hususan-da, ýokary wezipeli adamlaryň we olaryň ýakynlarynyň müňlerçe gektar ýere eken şalysyny wagtynda suwarmak üçin geçirilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz, Akdepe, Ýylanly etrap häkimlikleri we prokuraturalary bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ortaça 73 müň kilometr2 territoriýany eýeleýän Daşoguz welaýatynyň ilaty suwarym suwlarynyň ýetmezçiliginden, klimatyň üýtgemeginden ejir çekýär. Aral deňzindäki ekologik problemalaryň täsiri bilen baglylykda daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy sebitde daýhançylyga uly zarba urýar. Soňky onýyllyklaryň dowamynda topragyň şorlaşmagy netijesinde müňlerçe kilometr2 ekerançylyk ýerleriniň zaýalanandygyny, ýerli synçylar we ýaşaýjylar aýdýarlar.

Soňky hepdelerde geçirilýän hökümet maslahatlarynda ýurtda oba-hojalygy ösdürmek, ekin meýdanlaryny özleşdirmek, daýhanlary dökün, tehnika bilen üpjün etmek meselesine berk gözegçilik edilýändigi barada ýygy-ýygydan çykyşlar edilse-de, ýylyň gurak gelmegi, suw ýetmezçiligi netijesinde dörän meseleler we onuň nähili çözülendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de, daşoguzly daýhanlaryň ekerançylyk bilen bagly başdan geçirýän kynçylyklary barada hem mesele gozgalmaýar.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtda un-çörek gytçylygynyň dowam edýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýan mahaly, ýurduň remi mediasy käbir etraplaryň kärendeçileriniň bugdaý hasyly boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada wideo reportažlar görkezýär.

XS
SM
MD
LG