Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Owganystanyň çar künjegindäki ganly hüjümlerini dowam etdirýär


"Talyban" söweşijileri Zarghoon Şahr mekdebinde surata düşýärler.
"Talyban" söweşijileri Zarghoon Şahr mekdebinde surata düşýärler.

Badhyz we Kandagar welaýatlarynda “Talybanyň” gurnan tapgyrlaýyn hüjümleri netijesinde owgan howpsuzlyk işgärleriniň 18-si, asuda ilatdan iki adam öldürildi diýip, resmiler aýtdylar.

“Talyban” söweşijileri bu hüjümleri 22-nji iýunda irden guradylar diýip, resmiler aýtdylar. Badhyz welaýatyndaky hüjümde azyndan 14 esger we iki sany asuda adam öldürildi diýip, welaýat geňeşiniň agzalary ýerli media aýtdylar. Kandagarda “Talyban” söweşijileriniň saklaýan 38 sany gurluşykçysyny halas etmek synanyşygy mahalynda dört sany polisiýa ofiseri öldürildi.

22-nji iýundaky hüjümler iki gün ozal başlan we ýurduň dürli ýerlerinde owgan howpsuzlyk güýçleriniň 87 sanysynyň ölümine getiren has uly hüjümiň bir bölegi bolup görünýär.

Hökümet güýçleri we “Talyban” geçen hepde Oraza baýramçylygy mynasybetli özara söweşleri üç günläp togtatdylar. Hökümet ýaraşygy şondan soň hem uzaltdy, emma "Talyban" ýaraşygy uzaltmakdan boýun gaçyrdy we hüjümlerini güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG