Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Delide saklanan raýatlaryny ýurda ekstradisiýa etdirmäge synanyşýar


Hindistanyň Indira Gandi adyndaky Halkara aeroportunda duran sakçy

Häkimiýetler Hindistanda altyn gaçakçylygynda güman edilip saklanan türkmenistanlylary ýurda ekstradisiýa etdirmegiň ugrunda işleýär. Bu barada Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi 26-iýunda maglumat berdi.

Читайте также на русском

Hindistanda saklanan [Türkmenistanyň] raýatlaryny yzyna ekstradisiýa etdirmek üçin synanyşylýandygy barada maglumat bar. Olar altyn gaçakçylygy bilen meşgullanypdy. Bu barada birnäçe aý mundan ozal uly galmagal gopupdy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, altyn gaçakçylygynda güman edilip Delide saklanan türkmenistanlylar boýunça hindi häkimiýetleriniň alyp barýan derňew işleri heniz tamamlanmandyr.

Ýatlasak, maý aýynyň başynda Hindistanyň Indira Gandi adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamentiniň howa aňtaw birleşigi 19 kilogram gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany tussag etdi.

“The Indian Express” neşiri özüniň 6-njy maýda beren maglumatynda altyn gaçakçylygynda güman edilýän türkmenistanlylaryň tussag edilendigini we ele salnan gyzylyň 60 million hindi rupisine, ýagny ortaça 890 müň amerikan dollaryna barabardygyny habar beripdi.

Resmileriň aýtmagyna görä, Türk howaýollary kompaniýasynyň “T-5539” uçuş belgili uçary aeroporta gonanda, howa aňtaw birleşiginiň agzalary ýolagçylary barlap, 23 türkmenistanlyny tussag edýär. Olaryň geçiren jikme-jik barlaglaryndan soňra, türkmen raýatlarynda üst-üstüne dakylan ýüzüklerden, bileziklerden we zynjyrlardan ybarat gyzylyň üsti açylýar.

“Olar komissaryň kömekçisi tarapyndan soraga çekildi we olaryň mundan öň hem Deli şäherine gelendiginiň üsti açyldy. Öňki gezekde olar 7 kilogram çemesi gyzyly kontrabanda ýollar bilen geçirip, biznesmene satypdyrlar” diýip, neşir tussag edilen türkmenistanly 23 adam soraga çekilýän mahaly, gümrük gullugynyň resmilerine Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasynyň “TK716” uçuş belgili uçarynda ýene-de bäş sany türkmen raýatynyň bikanun ýollar bilen Deli şäherine gyzyl getirýändigi barada maglumatyň gelip gowşandygyny aýtdy.

Maglumata görä, şondan soň howa aňtaw gullugynyň işgärleri bu raýatlary hem saklap, olaryň gyzyly bikanun ýollar bilen geçirmäge synanyşýandygyny anyklaşdyrýarlar.

Hindistanda gyzyl gaçakçylygynda saklanan türkmen raýatlary baradaky maglumatlar munuň bilen çäklenmeýär. 31-nji maýda hindi metbugatynda ýene-de bir türkmenistanly aýalyň Deliniň aeroportunda birmeňzeş aýyplamalar boýunça tussag edilendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Şonda “Türkmenistanly bir zenan maşgala bahasy 4 million 100 müň hindi rupisine barabar, ýagny takmynan 61 müň dollar möçberindäki altyny bikanun ýollar biler Hindistanyň çägine saljak bolanda tussag edildi” diýip, internetde peýda bolan maglumatlarda hindistanly resmileriň 31-nji maýda çap eden beýanatyna esaslanyp habar berlipdi.

Günä bildirilýän 43 ýaşly türkmenistanly aýal Stambuldan Delä gelende Gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanýar.

“Ýolagçynyň bagažynyň we şahsy maglumatlarynyň jikme-jik barlanmagynyň netijesinde biri-birine sepleşdirilen köp sanly altyn ýüzük tapyldy. Ýüzükler biri-birine dakylyp, olardan altyn zynjyr ýasalypdyr. Zynjyryň jemi agramy 1.3 kilograma barabardyr. Ýolagçy zynjyry boýnuna dakynypdyr” diýlip, Gümrük gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Belläp geçsek, bu bikanun gyzyl söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda tussag edilmegi bilen bagly ilkinji waka däl.

Şu ýylyň fewral aýynda Azerbaýjanyň haqqin.az neşiri Bakuwyň Halkara deňiz portunyň gümrük gullugynyň gaçak görnüşde Azerbaýjana gyzyl geçirmekçi bolan türkmen raýatlaryny saklandygy barada habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri agzalýan hadysalar boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG