Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Rostow-na-Donu şäherinde partladyjyly haýbatlar atyldy


Bomba haýbatlary sebäpli şäherdäki restoranlar we barlar ewakuasiýa edildi. Rostow-na-Donu. 26-njy iýun, 2018 ý.
Bomba haýbatlary sebäpli şäherdäki restoranlar we barlar ewakuasiýa edildi. Rostow-na-Donu. 26-njy iýun, 2018 ý.

Russiýada futbol boýunça Dünýä çempionatynyň geçýän Rostow-na-Donu şäherinde partladyjylaryň ýerleşdirilendigi barada ençeme haýbatlar atyldy. Bu barada rus polisiýasy maglumat berdi.

Netijede şäherdäki restoranlar we barlar ewakuasiýa edildi. Polisiýa işgäri şäher boýunça 16 binanyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Emma, gözleg işleriniň netijesinde hiç hili partladyjy serişdeleri tapylmady.

Rus resmileri Dünýa çempionatynyň üsti bilen ýurtda durnuklylygyň höküm sürýändigini görkezjek bolýarlar. Munuň bilen baglylykda, oýunlaryň dowamynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Emma, Rostow-na-Donu şäheri 2014-nji ýyldan bäri Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän, şeýle-de 10 müňden hem aşa adamyň ölmegine getiren konflikt zonasyndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu hem öz gezeginde käbir howpsuzlyk aladalanmalaryny döretdi.

Rostow-na-Donu şäherinde häzire çenli Dünýä çempionatynyň dört oýny geçirildi. Indiki duşuşyk 2-nji iýula planlaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG