Owganystanyň ýörite polisiýa güýçleriniň uly derejeli komandiri 28-nji iýunda paýtagt Kabulyň Makroraýan diýen ýerinde maşagalasy bilen meýdanda dynç alýan wagty atylyp öldürildi diýip, Owganystanyň Içeri işleri ministrligi 29-njy iýunda aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Paktika welaýatynda ýörite polisiýa güýçleriniň 01 bölümine komandirlik eden we “Talybana” garşy onlarça operasiýa ýolbaşçy bolan Azizullah Karwanyň öldürilendigini aýtdy.
Aýdylmagyna görä, ol ozal birnäçe gezek guralan kast ediş synanyşyklaryndan aman galypdyr.
Karwan Paktikada ABŞ-nyň ýörite güýçleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işledi diýip, Paktika welýatyndan saýlanan parlament deputaty Mohammad Nader Katawazi aýtdy.
Katawazi Karwanyň ölüminiň gündogar Owganystanda pitneçilere garşy alnyp barylýan söweşe urlan zarba bolandygyny sözüne goşdy.
“Talybanyň” sözçüsi Zabiullah Mujahid telefon söhbetdeşliginde bu hüjümiň jogapkärçiligini öz toparynyň üstüne aldy.