Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow 6-njy iýulda Kazana sapara geler


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýulda Kazana geler diýip, Tatar-inform neşiri habar berýär.

Saparyň programmasyna laýyklykda, türkmen prezidenti Kazan aeroportunda Tataraystanyň prezidenti Rustam Minnihanow tarapyndan garşy alnar.

Neşiriň maglumatyna görä, Tatarystan türkmen prezidentini gadymy şäher Bolgaryň we Swiýažsk ada şäheriniň dikeldilişi bilen tanşydyrar. Mundanam başga, olaryň Bulgar yslam akademiýasyny döretmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşjagy aýdylýar.

Agşamlyk Tatarystanyň prezidentiniň Kazan Kremlindäki rezidensiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna dabaraly nahar gurnalar.

Rus metbugaty 28-nji iýunda Berdimuhamedowyň Kazanda Dünýä futbol çempionatynyň oýunlaryny görmäge gelmekçidigini habar berdi, emma resmi habarda türkmen lideriniň futbol ýaryşyna tomaşa etjekdigi ýa däldigi aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG